Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
S.G.MÄLIKGULYÝEW hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine we «Türkmenistanyň prokuraturasy
hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine
belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 5-nji iýuly.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri,
ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Meretdurdyýewiç Begmyradow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow
Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen
kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Annaýew Gurbanmyrat Kakamyradowiçe käýinç yglan
edildi.


Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow
Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen
kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Gündogdyýew
Begenç Ataýewiçe käýinç yglan edildi.