Ýer ýüzünde bar bolan ösümlikleriň arasynda agaçlar özüniň köpdürliligi bilen bellidir. Şolaryň bir görnüşi-de iň uly ýaprakly agaç hökmünde belli bolan “Coccoloba gigantifolia” agajydyr. Bu ösümlik geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan bäri ylma bellidir, has takygy 1982-nji ýylda Amazon milli tokaý institutynyň botanikleri ýörite gurnalan ekspedisiýada bu görnüşi tapdylar. Botanik alymlar bu agajyň Günorta we Demirgazyk Amerikanyň tropiki tokaýlarynda duşýan “Coccoloba” toparyna degişlidigini kesgitlediler. 2005-nji ýylda institutyň barlagçylary agajyň tohumlaryny almak bilen ony san taýdan köpeltmekligi başardylar. Ekilen tohumlar ýörite gözegçilik astynda saklanylyp, 13 ýyldan soň, ýagny 2018-nji ýylda gülledi. Alnan täze görnüşe “Coccoloba gigantifolia” diýip at berdiler. Onuň ýapraklarynyň ululygy ortaça 15 metr, ini 2,5 metr çenlidir. Bu görnüşe häzirki wagtda oba hojalygynyň has ösmegi, tokaýlaryň dürli maksatlar bilen çapylmagy, ýol gurluşygynyň artmagy uly howp salýar. Alymlar bu agaç görnüşini gorap saklamak maksady bilen “gyzyl” sanawa girizmekligi meýilleşdirýärler.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.