Allergiýa garşy bütindünýä göreş güni Bütindünýä allergiýa guramasynyň (WAO) we Bütindünýä immunopatologiýa guramasynyň bilelikdäki karary bilen (WIPO) 2005-nji ýyldan bäri her ýylyň 8-nji iýulynda bellenilip geçilýär. Maksady, bu keseliň öňüni almak üçin alamatlar we çäreler barada köpçülige habar bermekdir. Allergiýa, bedeniň käbir daşky gurşaw faktorlarynyň – allergenleriň täsirine duýgurlygynyň ýokarlanmagydyr. Olara tozanlar, haýwan saçlary, ösümlik tozanlary, dermanlar, iýmit önümleri (ýumurtga, süýt, bugdaý, soýa, deňiz önümleri, hoz, miweler), hojalyk serişdeleri, mör-möjekler, galyndylar, haýwanlar we olaryň galyndy önümleri we başgalar degişlidir. Gadymy Müsüriň döwründe-de häzirki wagtda allergiýanyň kliniki görnüşleri hasaplanýan alamatlar beýan edilipdi. Şeýle-de bolsa, lukmançylyk bu keseli diňe XIX asyrda – senagatyň güýçli ösen döwründe, has dogrusy, daşky gurşawyň hapalanmagynyň artan döwründe öwrenip başlady. Dünýädäki ekologiki deňagramlylygyň bozulmagyna baglylykda, allergiýanyň gerimi hem şonça-da köpeldi. Bu keseliň güýçlenmegine daşky gurşawyň hapalanmagy, psihologiki dartgynlylyk, howanyň üýtgemegi, derman serişdeleriniň gözegçiliksiz ulanylmagy sebäp bolup biler. Emma islendik allergiýanyň esasy sebäpleri adamyň genetiki esaslaryna mahsusdyr. Allergiýa köplenç iýmitlere duýgurlygyň ýokarlanmagy bilen ir ýaşda ýüze çykyp başlaýar. Haýsy synada ýüze çykýandygyna (dem alyş, deri ýa-da göz) baglylykda allergiýa täsirleriň birnäçe görnüşi bar. Gynansak-da, adamlaryň köpüsi bu kesele çynlakaý çemeleşmeýärler. Bu halkara senäni bellemegiň esasy maksady, bu keseliň çynlakaýlygyny, öňüni alyş, bejeriş we anyklaýyş çäreleriniň zerurlygy baradaky maglumatlaryň halka ýetirilmegidir.

Babamyrat NURJYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.