Dünýäniň iň abraýly tennis ýaryşy, möwsümiň 3-nji “Uly tuwulga” bäsleşigi “Wimbledonda” zenanlaryň arasynda gazagystanly Ýelena Rybakina taryhy çempionlyk gazandy. Sanawyň 17-nji belgili tennisçi bolan Rybakina 1 sagat 47 minutlap dowam eden finalda tunisli Uns Jaberden 2:1 üstün çykdy. 1-nji setde sanawyň 3-nji belgilisi Jaber şowly oýun görkezip, 6:3 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji setde iki tennisçi-de köp ýönekeý ýalňyşlyk goýberdi. Bu setde Rybakina 6:2 ýeňiş gazanyp, umumy hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi. 3-nji setde has tijenen Rybakina garşydaşyny ýene-de 6:2 hasap bilen ýeňip, taryhy çempionlyk gazandy. 23 ýaşly Rybakina 2011-nji ýyldan bäri “Wimbledonda” çempion bolan iň ýaş tennisçi bolup, “Uly tuwulga” gazanan ilkinji gazagystanly tennisçi hökmünde taryha girdi. Şol bir wagtyň özünde Li Na hem-de Naomi Osakadan soň “Uly tuwulga” gazanan 3-nji aziýaly tennisçi bolan Rybakina zenanlaryň arasynda “Wimbledonda” çempion bolan 12-nji ýurduň tennisçisi hökmünde hasaba alyndy. Garaşylmadyk ýagdaýda çempion bolan Rybakina çempionlyk kubogyny Kembrijiň gersogy Williamyň ýanýoldaşy Keýt Middltonyň elinden aldy. Ol: “Bu ýaryşda ikinji hepdä galaryn öýdemokdym, ýöne çempionlyk gazandym. Goldaw beren hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn diýip, çykyş etdi. Umumy baýrak gaznasy 40 million 350 müň funt sterlinge deň bolan ýaryşda Rybakina 2 million funt sterling pul baýragy bilen sylaglanar.

Ýanwar aýynda “Wimbledonda” çempionlyk gazanjakdygyny aýdan 27 ýaşyndaky Uns Jaberiň bu arzuwy häzirlikçe soňa galdy. Ol “Uly tuwulga” gazanan ilkinji arap, şol sanda ilkinji afrikaly zenan tennisçi diýen derejelere ýetmäge golaý gelse-de, bu oňa şu gezek başartmady. Jaber wise-çempion hökmünde 1 million 50 müň funt sterling pul baýragyny alar.