Ýer ýü­zü­niň dür­li ýer­le­rin­de dür­li te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň ne­ti­je­sin­de müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da der­ýa­lar, dag­lar, köl­ler eme­le ge­lip­dir. Ola­ryň kä­si bol­sa, ýok bo­lup gi­dip­dir. Te­bi­gy tä­sin­lik­le­riň ha­ta­ryn­da go­wak­lar hem haý­ran gal­dyr­ýar. Dün­ýä­niň iň uzyn go­wa­gy ABŞ-nyň Ken­tuk­ki şta­tyn­da­ky Ma­mont go­wa­gy ha­sap­lan­ýar. Bu go­wak ul­ga­my­nyň uzyn­ly­gy 640 ki­lo­metr­den geç­ýär. Hä­zi­re çen­li Ýer ýü­zün­de on­dan uzyn go­wa­gyň üs­tün­den ba­ryl­man­dyr. Te­bi­gy gur­luş ýe­riň ýum­şak hek daş­ly gat­lak­la­ryn­da­ky su­wuň bu­ga­ryp, ýok bol­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le ge­lip­dir. Go­wa­gyň köp ýe­ri hä­zir­ki wagt­da hem çö­küp, gi­ňel­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Go­wak ul­ga­my­nyň içi dür­li öw­rüm­li bo­lup, ägirt uly la­bi­rin­ti eme­le ge­tir­ýär. Bu te­bi­gy tä­sin­lik 1800-nji ýyl­lar­da anyk­la­nyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa, bu go­wak­lar has ir­ki ýyl­lar­dan bä­ri ýer­li ame­ri­kan­la­ra mä­lim bo­lup­dyr. Go­wak­la­ryň için­de ta­ry­hy bäş müň ýy­la ýet­ýän adam eli bi­len dö­re­di­len ýa­dy­gär­lik­ler sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ba­ryl­ma­gy­nyň kyn bol­ma­gy bu ýa­dy­gär­lik­le­riň has go­wy sak­lan­ma­gy­na şert dö­re­dip­dir. Go­wak örän ulu­dy­gy üçin oňa has ir­ki dö­wür­ler­de ýa­şap ge­çen we pil­ler­den hem uly jan­dar bo­lan ma­mon­tyň ady da­ky­lyp­dyr. Go­wa­gyň üs­ti açy­lan wag­ty onuň için­de 1000 ýyl tö­we­re­gi wagt­dan bä­ri ýa­şa­ýan ýar­ga­nat­la­ryň eme­le ge­ti­ren gem­re­le­ri öw­re­ni­lip­dir. 1840-1850-nji ýyl­lar­da Ste­wen Bi­şop bu go­wa­gy çuň­ňur öw­re­nip, il­kin­ji kar­ta­sy­ny taý­ýar­la­ýar. 1908-nji ýyl­da bol­sa Maks Kam­per go­wa­gyň has jik­me-jik öl­çeg­le­ri ba­ra­da mag­lu­mat taý­ýar­la­ýar. 1941-nji ýy­lyň iýu­lyn­da go­wak Mil­li se­ýil­gäh, ýag­ny aý­ra­tyn go­ral­ýan ýer ha­sap­lan­ýar. Go­wak 1981-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär. Ma­mont go­wa­gy Mil­li se­ýil­gä­hi 21 müň 380 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýär. Ägirt uly meý­da­ny eýe­län­di­gi üçin mil­li se­ýil­gä­hiň çä­gin­de dür­li te­bi­gy gö­zel­lik­ler bar. Şol se­bäp­li bu ýe­re ja­han­keş­de­le­riň müň­ler­çe­si gel­ýär. Se­ýil­gä­hiň çä­gin­de Göw­her go­wa­gy, Giz­lin der­ýa go­wa­gy, ýi­ten der­ýa go­wa­gy, Ma­mont oniks go­wa­gy, Oniks go­wa­gy we düz­gün­siz­ler go­wa­gy myh­man­la­ryň köp san­ly­sy­ny özü­ne çek­ýär. Se­ýil­gäh­de bi­te­wi ul­ga­my eme­le ge­tir­ýän go­wa­ga bi­rik­me­ýän 200 sa­ny go­wak bar. Şeý­le hem bu ýer­de köl­ler­den we der­ýa­lar­dan peý­da­la­ny­lyp dö­re­di­len suw how­dan­la­ryn­da ba­lyk tut­mak, ka­noý, ga­ýyk­ly ge­ze­lenç, ýüz­mek ýa­ly müm­kin­çi­lik­ler hö­dür­len­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, se­ýil­gä­hiň çä­gin­de dür­li güý­men­je­ler, şar­ly ge­ze­lenç, ata mün­mek ýa­ly ulu­dan-ki­çä hem­mä­niň ün­sü­ni çek­ýän hyz­mat­lar hö­dür­len­ýär. Ta­ryh we me­de­ni­ýet mu­ze­ýi, daý­han ba­za­ry, sow­gat­lyk dü­kan­lar we şü­we­leň meý­dan­ça­la­ry sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çek­ýär. Hä­zir­ki wagt­da se­ýil­gä­he her ýyl­da iki mil­li­on tö­we­re­gi myh­man ba­ryp gör­ýär. Ola­ryň dört­den bi­ri go­wa­ga edil­ýän köp­çü­lik­le­ýin ge­ze­lenç­le­re gat­naş­ýar. Köp­çü­lik­le­ýin ge­ze­len­jiň do­wa­myn­da myh­man­lar da­ga dyr­maş­ma­ga hem müm­kin­çi­lik tap­ýar­lar. Ýe­ras­ty köl­ler we akar suw­lar ga­raň­ky­da ýa­şa­ma­ga ukyp­ly ba­lyk­lar, leň­ňeç­ler üçin te­bi­gy şert hö­dür­le­ýän bol­sa, go­wa­gyň için­de jan­dar­la­ry 130 gör­nü­şi ga­bat gel­ýär. Go­wak ul­ga­my­nyň tö­we­re­gin­dä­ki to­kaý­lar­da bol­sa, 1300-den gow­rak gül aç­ýan ösüm­lik, jok­jo­ky we bür­güt ýa­ly guş­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi ga­bat gel­ýär.

Gowaklaryň köpçülige açyk ýerlerinde ýörite ýodalar gurulýar.

Iň uzyn go­wak­la­r
Sak-ak­tun. Mek­si­ka­nyň Kan­ti­na-Roo şta­tyn­da Ýu­ka­tan ýa­rym ada­syn­da Tu­lum şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da bu go­wa­gyň umu­my uzyn­ly­gy 372 ki­lo­met­re go­laý bo­lup, onuň 364 ki­lo­metr­den gow­rak ýe­ri su­wuň aşa­gyn­dan geç­ýär. Go­wa­gyň 187 ýe­rin­de dik çu­kur bo­lup, bu boş­luk­lar­dan go­wa­gyň için­dä­ki su­wa inip bol­ýar. Go­wa­gyň iň çuň ýe­ri 128 met­re go­laý­la­ýar.
Ju­el. ABŞ-nyň Gü­nor­ta Da­ko­ta şta­tyn­da Blek-Hils da­gy­nyň gü­nor­ta­syn­da bu go­wa­gyň uzyn­ly­gy 257 ki­lo­met­re ba­ra­bar. Iň çuň ýe­ri 193 met­re ba­ra­bar bo­lan go­wak ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­da anyk­la­nyp­dyr.
Oks-Bel-Ha. Mek­si­ka­nyň Kin­tana-Roo şta­tyn­da Ýu­ka­tan ýa­rym ada­syn­da­ky su­was­ty go­wa­gyň uzyn­ly­gy 320 ki­lo­met­re go­laý. Go­wa­gyň 140-dan gow­rak ýe­rin­de su­wa gi­rip bol­ýan dik de­şik bar.
Şu­an­he­dun. Hy­ta­ýyň Guýç­žou we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän go­wak­lar ul­ga­my­nyň je­mi uzyn­ly­gy 283 ki­lo­metr­den geç­ýär. Go­wak ul­ga­my­nyň 56 gi­rel­ge­si bar. Go­wa­gyň köp ýe­rin­den ýe­ras­ty der­ýa akyp, on­da suw­da ýa­şa­ýan dür­li jan­dar­lar ga­bat gel­ýär.
Op­ti­mis­tik. Uk­rai­na­nyň Ter­no­pol ob­las­tyn­da­ky bu go­wa­gyň uzyn­ly­gy 230 ki­lo­met­re ýet­ýär. 1966-njy ýyl­da üs­ti açy­lan go­wak gips gat­la­gyn­da ýer­leş­ýän dün­ýä­niň iň uzyn go­wa­gy ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem bu go­wa­gyň go­la­ýyn­da uzyn­ly­gy 140 ki­lo­met­re ýet­ýän Gök go­wak hem bar.