Her ýylyň 13-nji iýuly dag jynslarynyň halkara güni hökmünde bellenip geçilýär. Bu senäniň maksady dag jynslaryny, olaryň görnüşlerini, gelip çykyşyny we adamzadyň durmuşyndaky ähmiýetini öwrenmekdir. Daşlar durmuşda gaty möhüm bolup görünmese-de, adamzadyň ýaşamagy üçin zerur bolup durýar. Olar asyrlar boýy ulanylyp, adamzadyň hem öňe gitmegine ýardam berdi. Çünki adamyň ilkinji we iň gymmatly oýlap tapyşlaryndan biri dag jynslaryndan ýasalan gurallardy. Şondan bäri dag jynslary, minerallar we metallar her bir pudakda adamlara ýakyndan kömek edýär. Daşlary geologiýanyň petrologiýa bölümi öwrenýär. Halkara dag jynslarynyň güni, olary has gowy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Ol “Şäherimizde haýsy dag jynslary tapylýar?”, “Näçe dag jynsy bar?”, “Ýer ýüzünde iň seýrek duş gelýän dag jynsy näme?” ýaly dürli mowzuklar bilen geçirilýär.

 

Bahar GAZAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.