Ýaponiýada möwsümiň ilkinji tutulan balygynyň ýa-da bakja önümleriniň we miweleriň ilkinji hasylynyň gymmat bahadan satylmak däbi bar. Ýurduň merkezi bölegindäki Isikawa prefekturasynda geçirilen auksionda üzümiň naýbaşy sorty bolan “rim rubini” görnüşiniň bir salkymy 1,5 million ýene (10,7 müň dollar töweregi) satyldy. Üzümi ýerli myhmanhana zynjyry bolan kompaniýanyň wekili satyn aldy. Bu salkymda 27 sany üzüm bolup, ol myhmanhananyň hemişe gelýän myhmanlaryna hödür ediler. Üzümiň bu görnüşi 2008-nji ýylda ýapon seleksionerleri tarapyndan taýýarlandy. Onuň her bir miwesiniň ululygy tennis topunyň ululygynda barabar bolýar. Bu üzümiň her biri azyndan 3,1 santmetr we düzümindäki şekeriň mukdary azyndan 18 göterime deň bolan ýagdaýynda satuwa çykarylýar. Satylan salkymyň 800 gramdygy habar berildi.