Awstraliýanyň awiasiýa howpsuzlygy we reýting edarasy “AirlineRatings.com” şu ýyl iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawyny ýaýratdy. Soňky ýyllarda pandemiýanyň täsiri bilen awiasiýa pudagy dürli kynçylyklara sezewar boldy. Iki ýyldan gowrak wagtdan soňra ýurtlar awiagatnawlary goýlan çäklendirmeleri doly aradan aýryp ýa-da ýeňilleşdirip başlady. Şeýlelikde awiakompaniýalaryň gatnawlary hem gaýtadan dikeldildi. “AirlineRatings.com” kompaniýaysnyň sanawyndasoňky iki ýylda Kataryň milli awiakompaniýasy (“Qatar Airways”) öňdeligi eýeleýär. Sanawyň ilkinji bäşliginde “Air New Zeland”, “Etihad Airways”, “Korean Air” we “Singapore Airlines” bar. “Qantas”, “Virgin Australia”, “EVA Air”, “Türk Havayolları” we “All Nippon Airways” kompaniýarlary ilkinji onlugy jemläpdir. Jemi 20 kompaniýa bolan sanawda degişlilikde, “Cathay Pacific Airways”, “Virgin Atlantic”, “Japan Air Lines”, “JetBlue”, “Finnair”, “Emirates”, “Hawaiian”, “Air France/KLM”, “Alaska Airlines” we “British Airways” bar.