ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden wezipesine girişenden 18 aý soň Ýakyn Gündogara ilkinji saparyna Iýerusalimden başlady. 13-nji iýulda Baýden Ysraýylyň Premýer-ministri Ýair Lapid we Prezident Isak Gersog, şeýle-de Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen gepleşikler geçirildi. Baýden Abbas bilen bolan duşuşygynda palestina halkyna deň derejede howpsuzlyk, erkinlik we mümkinçilik hödürleýän çözgütleri goldaýandygyny aýtdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden, Ýakyn Gündogara saparynyň çäginde ilkinji gezek Saud Arabystanyna resmi sapar bilen geldi. Baýdeniň 15-nji iýulda Saud Arabystanyna eden sapary wagtynda taraplar birnäçe ugurlarda 18 sany şertnama hem-de hyzmatdaşlyk baradaky beýannama gol çekdiler.
“Saud Arabystanynyň energetika, maýa goýum, aragatnaşyk we saglygy goraýyş ministrleri amerikaly kärdeşleri bilen 18 sany şertnama baglaşdylar. Bu şertnamalar maýa goýum, energiýa, maglumat tehnologiýasy, kosmos we saglygy goraýyş pudaklarynda bilelikdäki hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikler açýar” diýlip, beýanatda aýdylýar.
ABŞ-nyň Prezidentini Jiddadaky Al-Salam köşgüniň öňünde Saud Arabystanynyň şazadasy Muhammet bin Salman garşy aldy. Ýurduň Patyşasy Salman bin Abdelaziziň we Jozef Baýdeniň arasyndaky duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we global energiýa bazaryndaky durnuklylyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şazada Muhammet bin Salman bilen bolan duşuşykda sebit howpsuzlygy we energiýa meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
16-njy iýulda – şu gün Jozef Baýden Aýlak hyzmatdaşlygy geňeşiniň sammitine gatnaşar. Saud Arabystanynyň, Bahreýniň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň we Birleşen Arap Emirlikleriniň liderleriniň gatnaşjak çäresinde Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar we global energiýa çökgünligi esasy meseleleriň biri bolar.