Diňlemegiň bütindünýä güni, diňlemek arkaly adam dünýäsine we tebigata has gowy düşünmek üçin döredildi. Bu sene ekoakustikany (akustiki ekologiýa) esaslandyryjy Reýmond Mýurreý Şeýferiň doglan gününe gabat geldi. Bu sesleriň kömegi bilen janly-jandarlaryň we daşky gurşawyň arasyndaky gatnaşyklary öwrenýän ylymdyr. Akustiki ekologiýa, esasy işjeňliginden başga-da (sesleriň janly organizme edýän täsirini öwrenmek) şäherlerde: ulaglarda, senagat desgalarynda we gurluşyk meýdançalarynda ses hapalanmalarynyň ýokarlanmagynyň meselesine seredýär. Bu faktorlar diňe bir fiziki däl, eýsem adamyň psihologiki ýagdaýyna hem ýaramaz täsir edýär. Eşidişimiziň ýaramazlaşmagy bilen, streslere, ýadawlyga has ýykgyn edýäris. Emma sesleriň hemmesi zyýanly däl. Tebigatyň sesleri, mysal üçin, ýagşyň sesi, tolkunlaryň owazy, ýapraklaryň ýa-da şemalyň pyşyrdysy, owadan asuda nusgawy sazlaryň sesleri bize oňyn täsir edýär. Olar köşeşdirýärler we rahatlandyrýarlar, howlukmaçlykdan gutulmaga we dynç almaga mümkinçilik berýärler. Bu güni tebigatda geçiriň, meditasiýa ýa-da ýoga gününi arassa howada gurnaň. Ruhuňyzy sazlaşykly energiýa bilen iýmitlendiriň. Şonda düýbünden başga adam bolýandygyňyza göz ýetirersiňiz.

Bahar GAZAKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.