Germaniýanyň Fraýburg uniwersitetiniň biologlary garynjalaryň öz ugurlaryny nädip tapýandyklaryny öwrenmek maksady bilen tejribe geçirdiler. Olar bu kindiwanja jandarlary tegelek lentada ýöredip, olaryň nawigasiýa ulgamlaryny öwrenýärler. Hünärmenleriň ahyrky maksady giň düzlükde öz öýlerini aňsatlyk bilen tapýan garynjalaryň ýollaryny tapmak ukybyny robotlarda peýdalanmak isleýärler. Ylmy tejribäniň ilkinji netijeleri “Journal of Experimental Biology” žurnalynda neşir edildi. Hünärmenleriň pikirine görä, garynjalar ýörän aralygyny ädimleriniň sany bilen kesgitleýärler. Günden peýdalanmak arkaly bolsa, ugurlaryny tapýarlar. Doktor Matthias Wittlingeriň ýolbaşçylygyndaky topar bu adaty bolmadyk tejribe üçin togalak şekilli hereket edýän tekizlik ýasapdyr. Bu enjamyň şekili garynjalaryň nawigasiýa ulgamyny öwrenmäge mümkinçilik döredýär. Ylmy topar bu tejribäniň robotlaryň gitjek ugurlaryny kesgitlemekde ýardam etjekdigini aýdýarlar.