Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň baştutan­ly­gyn­da ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň dün­ýä de­re­je­sin­de öw­re­nil­me­gi­ne uly ba­dal­ga be­ril­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­syn­da ta­ry­hy-jem­gy­ýet­çi­lik nuk­daý­na­zar­yndan nusgawy şahyryň köp­ta­rap­ly us­sat­ly­gy, pi­kir­le­niş ukyp­la­rynyň kä­mil­li­gi, mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ryň mil­li öwüş­gin­li baý dur­muş tej­ri­be­le­ri, tä­ze­çil­lik baş­lan­gyç­la­ry jem­len­ýär. Akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­lik te­ma­ti­ka­sy­nyň giň­li­gi, ne­pis poe­zi­ýa­sy­nyň gö­zel­li­gi, mil­li we umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li ta­ry­hy hyz­mat­la­ry, eser­le­ri­niň di­li­niň hal­ky­ly­gy hem-de çe­per­çi­lik mi­ra­sy­nyň tä­sir edi­şi­niň ja­dy­ly dün­ýä­si­niň öw­re­ni­liş ýaý­ra­wy bar­ha ro­waç­lan­ýar.

Dün­ýä möç­be­rin­de ede­bi mi­ra­sy gym­mat­ly ha­sap edil­ýän Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pi­kir­le­ri gys­ga jüm­le­de be­ýan edilip çuň, giň ma­ny­ly çe­per sö­züň ma­ny gur­şaw­la­ry, dur­muş göz­ýe­tim­le­ri, akyl ba­şar­nyk­la­ry we paý­has gi­ňiş­lik­le­ri bi­len türk­men ta­ry­hyn­da tä­ze, baý sa­hy­pa­la­ryň açyl­ma­gy­na ba­dal­ga ber­di.
Akyl­dar şa­hyr Öz­be­gis­ta­nyň Hy­wa şä­he­rin­dä­ki Şir­ga­zy han med­re­se­sin­de okap­dyr. Hy­wa şä­he­ri Gö­rog­ly et­ra­by­nyň mer­ke­zin­den 55 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­gar­da ýer­leş­ýär. Ga­dy­my Ýü­pek ýo­lu­nyň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen Hy­wa şä­he­rin­dä­ki Içan ka­la­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän ta­ry­hy des­ga­lar 1990-njy ýyl­da ÝUNES­KO-nyň dün­ýä äh­mi­ýet­li ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň sa­na­wy­na go­şul­dy.
Hy­wa ta­ryh­çy­la­ry Mu­ni­si­niň, Aga­hi­niň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Şir­ga­zy han Hy­wa ha­ny Jantö­re ha­nyň og­ly bo­lup­dyr. Şir­ga­zy han Hy­wa­da 1715-1728-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da han­lyk edip­dir. Onuň han­lyk eden döw­rün­de gur­lu­şyk iş­le­ri, halk­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry we me­de­ni ösüş­ler has-da ro­waç­la­nyp­dyr. Şöh­rat­ly ha­nyň per­ma­ny bi­len Hy­wa­da 1716-1717-nji ýyl­lar­da yl­my we jem­gy­ýet­çi­lik üs­tün­lik­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len Içan-ka­la top­lu­my­nyň mer­ke­zin­de Şir­ga­zy han adyn­da­ky med­re­se bi­na edil­ýär. Meý­da­ny 30 gek­ta­ra go­laý bo­lan Içan-ka­la­nyň çä­gin­de ta­ry­hy des­ga­la­ryň 60-a go­la­ýy ýer­leş­ýär. Öz döw­rün­de Mer­ke­zi Azi­ýa yk­ly­myn­da ulu­ly­gy bo­ýun­ça il­kin­ji iň uly okuw ja­ýy­nyň bi­ri ha­sap edi­len Şir­ga­zy han med­re­se­si XIX asy­ryň or­ta­la­ry­na çen­li hal­ka hyz­mat edip­dir. Med­re­sä­niň gur­lu­şy­gyn­da üç çal­şyk­da bir­ba­da 250-ä go­laý iş­çi zäh­met çe­kip­dir. Bu yl­my oja­gyň or­ta­syn­da dört­burç how­ly bo­lup, üç gap­da­ly bir gat­ly, öň ta­ra­py (fa­sa­dy) iki gat­ly edi­lip gur­lup­dyr. Öň ta­ra­pyn­da­ky ja­ýyň bi­rin­ji ga­tyn­da sa­pak ge­çil­ýän okuw otag­la­ry, ikin­ji ga­tyn­da ta­lyp­lar ýa­şar ýa­ly hüj­re­ler ýer­leş­di­ri­lip­dir.
Ka­şaň, ha­şam­ly how­ly­nyň mer­ke­zi bö­le­gin­de ho­wuz ýer­le­şip, tö­we­re­gin­de dür­li gör­nüş­li da­ragt­lar eki­lip­dir. How­ly­nyň tö­we­re­gin­de be­ýik mi­na­ra, meş­hur şah­sy­ýet­le­riň aram­gäh­le­ri we na­maz­ha­na­lar ýer­leş­ýär.
Bu meş­hur okuw ja­ýyn­da Fa­ra­by­nyň, Bi­ru­ny­nyň, Abu Aly ibn Si­na­nyň, Ulug­be­giň, Fi­zu­ly­nyň, Ny­za­my­nyň, No­wa­ýy­nyň, Sag­dy­nyň, Fer­döw­si­niň, Ja­my­nyň, Omar Haý­ýa­myň, Mah­myt Päl­wa­nyň, Lut­fy­nyň, Deh­le­wi­niň, Ba­by­ryň, Un­su­ry­nyň, En­we­ri­niň, We­pa­ýy­nyň, Baý­ram ha­nyň eser­le­ri, trak­tat­la­ry, dün­ýe­wi tag­ly­mat­la­ry giň­den öw­re­di­lip­dir. Şir­ga­zy han med­re­se­sin­de, Man­sur Hal­la­jyň, Meş­rep di­wa­na­nyň, Ru­my­nyň, Ha­fy­zyň, Ýa­sa­wy­nyň, At­ta­ryň, Rab­gu­zy­nyň, ibn Ara­byň, Ha­ra­ka­ny­nyň, Kub­ra­nyň, He­kim ata­nyň hik­met­le­ri, di­wan­la­ry, ri­sa­la­la­ry, tez­ki­re­le­ri, ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri, ede­bi kys­sa­la­ry, la­byz­ly oka­ma­gyň, dürs ýa­zu­wyň dür­li ka­da­la­ry kä­mil, baý yl­my-ah­lak göz­baş­lar hök­mün­de il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da oka­dy­lyp­dyr. Bi­lim ba­şar­nyk­la­ry­na we yl­my kä­mil­li­ge bo­lan teş­ne­li­gi gan­dy­ran bu şöh­rat­ly okuw ja­ýyn­da Şib­li­niň, Na­gyş­ben­di­niň, Bis­ta­my­nyň, Em­rä­niň, Hal­la­jyň, Ne­si­mi­niň, al-Ga­za­ly­nyň, Ed­he­miň, Jü­ne­ýit Bag­da­dy­nyň, Ba­kyr­ga­ny­nyň, Ga­ra­ja­og­la­nyň, En­sa­ry­nyň, Ho­ja Ah­ra­ryň, Dür­be­giň, so­py Al­la­ýa­ryň mi­ra­sy­na de­giş­li bo­lan kö­pu­gur­ly ýy­gyn­dy­lar, ga­zal­lar, kyt­ga­lar, mes­ne­wi­ler, ru­ba­gy­lar we ola­ryň çe­per dün­ýä­ga­ra­ýyş­la­ry, gol­ýaz­ma­la­ry bi­len ta­nyş­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip­dir. Asy­ryň iň ta­ny­mal we­kil­le­ri­ni özün­de jem­län Şir­ga­zy han med­re­se­sin­de arap, hin­di, tür­ki, ça­ga­taý, pars, ýu­nan, öz­bek, azer­baý­jan, ga­ra­gal­pak dil­le­rin­dä­ki halk dö­re­di­ji­li­gi­niň, ys­lam hu­ku­gy­nyň, ta­ry­hy­nyň, ha­sap, şe­ri­gat, mag­ry­fet, ta­ry­kat amal­la­ry we geç­miş me­de­ni­ýe­tiň esas­la­ry, ýa­zuw­ly ede­bi­ýa­tyň we söz­le­ýiş ka­da­la­ryň, hal we ta­saw­wu­fyň (aky­lyň iň kä­mil bas­gan­çak­la­ry) syr­la­ry, gör­nük­li ýa­zuw­ly nus­ga­la­ry, sal­gy­lan­ma tär­le­ri, ynanç däp­le­ri, ter­ji­me­çi­lik sun­ga­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri, su­fiz­miň sýu­žet­li ýor­dum­la­ry, hat­dat­çy­lyk sun­ga­ty­nyň na­za­ry, ama­ly düz­gün­le­ri, köşk poe­zi­ýa­sy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry giň­den ta­nyş­dy­ry­lyp­dyr. Öz döw­rün­de yl­my dö­re­di­ji­lik güý­jüň äh­li çeş­me­le­ri­ni özün­de top­lan we me­de­ni dur­mu­şyň sü­tü­ni, oja­gy ha­sap edi­len Şir­ga­zy han med­re­se­si ab­ra­ýy we meş­hur­ly­gy, bi­lim de­re­je­le­ri­niň bas­gan­çak­la­ry­na kä­mil­li­gi bo­ýun­ça we yl­my me­de­ni­ýe­tiň mer­te­be­li me­ka­ny hök­mün­de XVIII asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da, or­ta­la­ryn­da Hy­rat, He­me­dan, Balh, Sa­mar­kant, Bag­dat, Bu­ha­ra, Ni­şa­pur, Bas­ra şä­her­le­rin­de ýer­leş­ýän okuw jaý­la­ryn­dan hem öňe saý­la­nan­dy­gy yl­my ede­bi­ýat­lar­da bel­le­nil­ýär. Öz­bek aly­my H. Ab­dul­la­ýe­wiň, K. Ku­ram­ba­ýe­wiň, S. N. Şü­kü­rul­la­ýe­wa­nyň iş­le­rin­de Mag­tym­gu­ly­nyň Şir­ga­zy han med­re­se­sin­de okan döw­rün­de Nu­ry Ka­zym ibn Bahr, Row­nak, Ni­şa­ty, Ra­kim ýa­ly döw­rü­niň ta­ny­mal alym­la­ry, ylym dün­ýä­si­niň päl­wan­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk sak­lan­dy­gy bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu ýer­de ta­lyp­la­ryň yl­my nuk­daý­na­zar­dan döw­re­bap çe­me­leş­me­le­ri üçin bi­lim­le­riň 40 ug­ru­na de­giş­li ede­bi­ýat­lar we gol­lan­ma­lar bi­len üp­jün edi­lip­dir. Alym­la­ryň ber­ýän mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, öz döw­rün­de Ga­ýy­by, Zu­nu­by, Şa­kan­dy, Mag­ru­py, Mis­gin­gy­lyç, Ke­mi­ne, Mol­la­ne­pes, Şeý­da­ýy, Mä­tä­ji, Ze­li­li, Seý­di, Ça­ry Af­zal ýa­ly da­na­lar hem okap­dyr­lar, zy­ýa­rat sa­par­la­ry­ny edip­dir­ler. Iki do­gan­lyk hal­kyň me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bi­te­wü­li­gi­ni, ga­dy­my­ly­gy­ny, kö­pö­wüş­gin­li­li­gi­ni, dur­muş, ede­bi yk­bal­la­ryň meň­zeş hem-de umu­my sa­hy­pa­la­ry­ny, top­la­nan tej­ri­be­le­ri­ni giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýan bu yl­my ojak­da soň­ky 100 ýyl­da 3 ge­zek düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­lip uzak ýyl­lar­dan bä­ri mu­zeý, ta­ry­hy-me­de­ni ar­hi­tek­tu­ra ýa­dy­gär­li­gi hök­mün­de, top­lu­myň çe­per bi­na­gär­çi­lik an­samb­ly, meý­dan­ça­sy Or­ta asyr­la­ra de­giş­li bo­lan çe­per, do­ku­men­tal film­le­riň surata dü­şü­ril­ýän amat­ly top­lu­my bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ýer­de türk­men hal­ky­nyň me­de­ni­ýe­ti­niň ki­no, şe­kil­len­di­riş, ama­ly-ha­şam, ta­ry­hy we ede­bi mi­ra­sy­na de­giş­li on­lar­ça gym­mat­ly eks­po­nat­la­ry gör­mek bol­ýar. Şir­ga­zy han med­re­se­si ba­ra­da alym­lar A. N. Sa­maý­lo­wi­çiň, B. A. Gar­ry­ýe­wiň, M. An­na­mu­ham­me­do­wyň, G. P. Sne­sar­ýe­wiň, Ý. S. Ah­met­ga­li­ýe­wa­nyň, M. Kö­sä­ýe­wiň, R. Re­je­po­wyň, G. Mül­li­ýe­wiň, S. A. Gar­ry­ýe­wiň, A. Mäm­me­do­wyň, R. Mus­ta­ko­wyň yl­my iş­le­rin­de gym­mat­ly mag­lu­mat­lar duş gel­ýär. Ta­ny­mal ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­myz A. Gow­şu­do­wyň, G. Gur­ban­sä­he­do­wyň, T. Ta­ga­no­wyň, G. Ku­ly­ýe­wiň, B. Ker­ba­ba­ýe­wiň, B. Seý­tä­ko­wyň, B. Hu­daý­na­za­ro­wyň, A. Ha­ýy­do­wyň, A. Ata­ja­no­wyň, A. Aga­ba­ýe­wiň şa­hy­ra­na we pro­za eser­le­rin­de, kys­sa­la­ryn­da, ýol­ýaz­gy­la­ryn­da Şir­ga­zy han med­re­se­si­ni çe­per şöh­le­len­dir­ýän epi­zod­la­ra, keşp­le­re duş gel­mek bol­ýar. Iki ga­dy­my türk­men-öz­bek halk­la­ry­nyň joş­gun­ly bi­lim der­ýa­sy­nyň sa­ha­wat­ly ke­nar­la­ry­nyň, dost­luk owaz­la­ry­nyň, goň­şu­çy­lyk der­we­ze­le­ri­niň jan­ly we ja­dy­ly gö­zel­lik­le­ri­ni alys­la­ra aşyr­ýan Şir­ga­zy han med­re­se­si­ne 2018-nji ýyl­da Gahryman Arkadagymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň sa­pa­ry­nyň bol­ma­gy hem­mä­mi­zi buý­san­dyr­dy. Bag­ty­ýar­ly­gyň dost­luk na­hal­la­ry bu gün­ki gün ga­dy­my Jeý­hu­nyň ke­nar­la­ryn­da jo­mart­ly­gyň mel­hem suw­la­ryn­dan be­re­ket ta­pyp, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň sa­ýa­syn­da ýü­rek­deş do­gan­ly­ga esas­lan­ýan hyz­mat­daş­lyk­lar, geç­miş­den bagt­ly gel­je­ge uza­ýan gat­na­şyk­lar has-da pug­ta­lan­ýar.
Akyl­dar şa­hyr özü­niň 10 bent­li «Gö­zel Şir­ga­zy» şyg­ryn­da bu meş­hur okuw ja­ýy­nyň mu­kad­des­li­gi­ni «Sen­de tä­lim al­dy açyl­dy di­lim», «Sel­je­rer men in­di agy-ga­ra­ny», «Ak­lym gys­ga er­di, kä­säm gaý­na­dy», «Ylym-tä­lim al­gan se­ni unut­maz», «Da­han iç­re asal-zy­ban ezer men», «Kä­mil bo­lup seren­jam­lyk ky­lyp men», «Da­ýym unut­maz men tyl­la ga­py­syn» ýa­ly şi­rin se­tir­ler bi­len sar­pa­la­ýar. Mu­ny aky­ldar şa­hy­ryň:
Me­kan eý­läp, üç ýyl iý­dim du­zu­ňy,
Gi­der bol­dum, hoş gal, gö­zel Şir­ga­zy.
Ötür­dim gy­şy­ňy, now­ruz-ýa­zy­ňy,
Gi­der bol­dum, hoş gal, gö­zel Şir­ga­zy

di­ýen se­tir­le­ri hem tas­syk­la­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň poe­zi­ýa­sy­nyň şa­hy­ra­na-çe­per­çi­lik däp­le­ri­ni, tä­ze­çil­lik göz­leg­le­ri­ni, pä­him us­sat­ly­gy­ny öw­ren­mä­ge we wa­gyz et­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan döw­let­li iş­le­ri­niň ro­waç, ja­ny­nyň sag, mer­te­be­si­niň be­lent bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Dä­de­baý Päl­wa­now,
Gö­rog­ly et­rap hä­kim­li­gi­niň hü­när­me­ni.