Howa şary.
Adamzat irki döwürlerden bäri uçmagyň arzuwynda bolupdyr. Şeýle bolansoň bu ugurda ýüzlerçe synanyşyk edilipdir. Häzirki wagtda bir uçar gysga wagtyň dowamynda müňlerçe kilometr ýol geçip bilýär. Howa gämileriniň uçardan başga-da birnäçe görnüşi bolup, olar diňe ýolagçy gatnatmak üçin däl, başga-da birnäçe maksat üçin hem peýdalanylýar. Täsin howa gämileriniň biri hem howa şarlarydyr. Eýsem, howa şary haçan peýda bolduka, ony kim oýlap tapdyka? Geliň, bu sowalyň jogabyny bilelikde öwreneliň!
Ilkinji howa şary uçardan has ir – 1783-nji ýylda uçurylýar. Şol ýylyň 21-nji noýabrynda Parižiň etegindäki La-Mýuett diýen ýerde Žozef-Mişel Mongolfýe (1740-1810ý.) we Žak-Etýenn Mongolfýe (1745-1799ý.) atly iki dogan ilkinji howa şaryny uçurýarlar. Bu uçuşa Žan-Fransua Pilatr de Rozýe atly himik hem-de Fransua Loran d’Arland atly harby gullukçy ýardam berýär. Bu uçuş adamyň howa gämisindäki ilkinji uçuşy hasaplanýar. Howa şary şäheriň üstünde 25 minut çemesi uçup, 9 kilometr uzakdaky Býut-o-Kaý atly ýere gonýar. Howa gämisi 900 metrden gowrak beýiklige galýar.
Doganlar oduň ýanýan wagtynda uçgunyň, tüssäniň we közleriň ýokaryk göterilmegini görenlerinde şeýle howa gämisini ýasap boljakdygy barada pikir edýärler. Olar howa şaryny döretmek üçin birnäçe synanyşyk etmeli bolýarlar. Ilki taftadan* edilen şaryň aşagynda ot ýakyp, onuň içini gyzgyn howa bilen doldurýarlar we onuň ýokary göterilýändigini görýärler. Doganlar 1782-nji ýylyň sentýabrynda bu oýlap tapyşlaryny görkezmek üçin Wersal köşgüne çagyrylýar. Ýurduň patyşasy Lýudowik XVI we Şa zenany Mariýa-Antuanetta täsin enjamyň tanyşdyrylyşyna şaýatlyk edýärler. Bu dabara belli alym, döwlet işgäri Benjamin Franklin hem gatnaşýar. Howa şarynyň ilkinji synag uçuşynyň «ýolagçylary» guzudan, ördekden we horazdan ybarat bolýar. Bu uçuş 8 minut dowam edýär we 460 metr belende galýar. Howa şarynyň ody sönenden soňra, onuň içindäki howa sowap, 3,2 kilometr uzaklyga gonýar.
Netije gazanan hem bolsalar, doganlar howa şarynyň nähili uçýandygyna ylmy taýdan özleri hem düşünmändirler. Olar otdan çykýan tüsse we alaw bilen ýokary göterilýän saman bölejikleri şary ýokaryk galdyrýar diýip pikir edipdirler. Häzirki ylma mälim bolşy ýaly, islendik zat gyzanynda onuň göwrümi giňeýär we massasy ýeňleýär. Şaryň içindäki howa hem gyzyp, daşyndaky howadan ýeňil bolýar. Bu bolsa, şaryň ýokaryk göterilmegine getirýär.
Doganlar Fransiýanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan oýlap tapyjy hökmünde kabul edilýärler we sylaglanýarlar.
Has irki döwürlerden bäri batbörekler uçurylan hem bolsa, howa şary ilkinji howa ulagy hasap edilýär. Bu oýlap tapyş ýük we ýolagçy gatnatmak üçin amatly hasaplanýan ilkinji howa ulagydyr.
Howa şarynyň ýokaryk göterilmegi edil käbir jisimleriň suwda batmazdan, ýüzünde hereket etmegine meňzeýär. Ýagny suwdan ýeňil jisimleriň çümmeýşi ýaly, howadan ýeňil jisimler hem atmosferada ýokarlygyna göterilýär. Howa şary göwrümi ýaly meýdany gaplaýan howanyň agramy öz agramy bilen deňleşýänçä ýokaryk göterilýär. Mälim bolşy ýaly, howa şary Ýerden belende göterildigiçe howanyň dykyzlygy azalýar. Adatça, howa şarlarynda has belende galmak üçin howa gyzdyrylyp, şaryň içindäki howa ýeňilleşdirilýär, aşaklanjak bolnanda, ballondaky howa çykarylýar.
Ilkinji howa ulagy hasaplanýan hem bolsa howa şarlary bir ýerden başga bir ýere gitmek üçin amatly hasaplanmaýar. Sebäbi olar ýeliň güýjüniň has köp täsirinde galyp, dolandyrmasy kyn bolýar. Şol sebäpli howa şarlary häzirki wagtda diňe belli ýerlerde syýahatçylyk maksady bilen ulanylýar.
Howa şaryny ýasamak baradaky ilkinji teklip, şondan birnäçe ýyl ozal orta atylýar. 1766-njy ýylda iňlis alymy Genri Kawendiş wodorodyň howadan ýeňildiginiň üstüni açýar. 1767-nji ýylda şotlandiýaly himik we fizik Josef Blek wodorod bilen doldurylan ýeňil ulagyň uçup biljekdigini öňe sürýär. Şeýle-de bolsa, ilkinji howa şary wodorod bilen däl-de, gyzdyrylan howa bilen uçurylýar. Häzirki wagtda bolsa, Blekiň teklip edişi ýaly howa şarlary wodorod we geliý ýaly ýeňil gaz bilen uçurylýar.
Tafta: ýokary hilli syk, ýuka ýüpek mata.