Ýer ýüzünde miweli agaçlaryň ýüzlerçe görnüşi bolup, olar dürli maksatlar üçin ulanylýar. Miwe berýän agaçlaryň köpüsi tebigy ýagdaýda ýetişýän bolsa, aglabasy medeni usulda, ýagny adam eli bilen ösdürilip ýetişdirilýär. Agaçlardan alynýan hasylyň terligine iýilýänleriniň bolşy ýaly, gaýtadan işlenenden soňra başga azyk önümi hökmünde peýdalanylýanlary hem bolýar. Mysal üçin, zeýtunyň miwesini şahadan ýolan badyňa iýip bolmaýar. Zeýtun miweleri birnäçe wagtlap käbir serişdeler goşulan suwa ýatyrylyp goýlandan soňra iýmek üçin ýaramly bolýar. Käbir miwelerden bolsa düýbünden başga azyk önümi taýýarlanýar. Şeýle miweleriň biri kakaodyr. Kakao agajy latynça («Theobroma cacao») «Teobroma» urugynyň, «Malvaceae» maşgalasynyň hemişelik gök öwüsýän görnüşine degişlidir. Bu ösümlik Günorta Amerikanyň subekwatorial sebitlerinde, ýabany görnüşleri Meksikanyň kenarýakalarynda, merkezi we günorta Amerikanyň tropiki tokaýlarynda gabat gelýär. Onuň süýri miweleri galyň gabykly bolup, içindäki däneleri süýji-köke önümçiliginde, dürli içgileri taýýarlamakda we lukmançylykda giňden ulanylýar. Kakaoly içgileri taýýarlamakda «Teobroma» urugynyň, «Theobroma bicolor» görnüşiniň hasylyndan peýdalanylýar.
Boýy 12-15 metre ýetýän kakao agajynyň galyň ýapraklary bolup, gülleri agymtyl-gülgün reňkli bolýar. Agaç gögerenden 4-5 ýyldan soňra gül açýar we 12 ýyldan soňra ilkinji hasylyny berip başlaýar. Onuň ösüşi 80 ýyldan gowrak wagt dowam edýär. Miwesiniň uzynlygy 30 santimetre, agramy 500 grama barabar bolýar. Kakaodan ýylda iki gezek – ýagyşly möwsümiň başynda hem soňunda hasyl alynýar. Ilkinji alnan hasylynyň hili has ýokary bolýar.
Kakaonyň miweleri inçe şahalaryndan däl-de, gös-göni esasy agaç sütüninden ösüp çykýar. Tropik howaly ýurtlarda şeýle miwe berýän agaçlaryň başga görnüşleri hem bar.
Şokolod önümçiliginde peýdalanylýan kakao däneleriniň tagamy hasyly alnan wagty ajymtyk bolýar. Onuň çig dänesiniň tagamy şokoladyň tagamyndan düýbünden başgaça bolýar. Bu däneler gaýtadan işlenenden soňra şokoladyň süýji we lezzetli tagamy emele gelýär. Şokoladyň düzüminde ýakymly yslaryň we himiki birleşmeleriň onlarça görnüşi bar.