Hy­taý Ýe­riň or­bi­ta­syn­da­ky kos­mos be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­ny alyp bar­ýar. Go­laý­da bu be­ke­diň la­bo­ra­to­ri­ýa­sy bo­lan «Wen­ti­an» kos­mo­sa uçu­ryl­dy. Adam­ly kos­mos mak­sat­na­ma­sy agent­li­gi (CMSA) la­bo­ra­to­ri­ýa­nyň «Long March-5B Y3» at­ly gö­te­ri­ji ra­ke­ta bi­len uçu­ry­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kos­mos be­ke­di­niň esa­sy bö­le­gi bol­jak «Wen­ti­an» uçu­ry­lan­dan 8 mi­nut­dan soň­ra Ýer­den 400 ki­lo­metr uzak­lyk­da­ky or­bi­ta ba­ryp ýet­di. La­bo­ra­to­ri­ýa­nyň uzyn­ly­gy 17,9 met­re, ag­ra­my 23 ton­na ba­ra­bar bo­lup, ýur­duň hä­zi­re çen­li kos­mo­sa uçu­ran iň uly gä­mi­si bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Ýe­riň aşa­ky or­bi­ta­syn­da dür­li ýurt­la­ryň bi­le­lik­de do­lan­dyr­ýan Hal­ka­ra kos­mos be­ke­di he­re­ket ed­ýär. Bu des­ga­ny do­lan­dyr­ýan ýurt­la­ryň ara­syn­da Hy­taý ýok. Şol se­bäp­li Hy­taý öz­baş­dak kos­mos be­ke­di­ni gur­ýar. «Ti­an­gong» at­ly bu kos­mos be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nan­da, kos­mo­nawt­la­ryň bol­ma­gy­na ni­ýet­le­nen «Ti­an­he» at­ly esa­sy mo­dul­dan, iki la­bo­ra­to­ri­ýa­dan we bir kos­mos te­les­ko­pyn­dan yba­rat bo­lar. Kos­mos te­les­ko­py ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da be­ket­den aý­ry­lyp hem bi­ler. Hy­taý­ly kos­mo­nawt­lar mun­dan ozal bir­nä­çe ge­zek kos­mos be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy we en­jam­la­ry­nyň gur­nal­ma­gy üçin kos­mo­sa çy­kyp­dy­lar. Be­ke­diň «Ti­an­he» at­ly bö­le­gi ge­çen ýy­lyň 29-njy ap­re­lin­de uçu­ry­lyp­dy. Be­ke­de bi­rik­di­ril­jek «Meng­ti­an» at­ly ikin­ji la­bo­ra­to­ri­ýa şu ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da uçu­ry­lar. Soň­ra bol­sa «Shun­ti­an» at­ly kos­mos te­les­ko­py bi­rik­di­ri­ler. Şeý­le­lik­de, je­mi dört bö­lek­den yba­rat bo­lan kos­mos be­ke­di peý­da bo­lar. Bu be­ke­diň gur­lu­şy­gy­nyň şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Be­ket­de üç kos­mo­nawt zäh­met çe­ker. Kos­mos be­ke­din­dä­ki kos­mo­nawt­lar adat­ça 6 aý­dan çal­şyp dur­ýar­lar.