Dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Hytaý daşky gurşaw maksatnamasyna ýetmekçidigini mälim etdi. Ýurtda 2030-njy ýyldan başlap, howa goýberilýän kömürturşy gazy azaldylyp başlanar. Ýurduň milli energiýa edarasynyň ýolbaşçylary Hytaýyň alternatiw energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça maksatnamasynyň dowam etdirilýändigini belleýärler.
Edaranyň ýolbaşçylarynyň habar bermegine görä, energiýada gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň paýyny artdyrmak üçin alnyp barylýan tagallalar kömürturşy gazynyň howa goýberilişini azaltmaga mümkinçilik berer. Geçen ýyl ýurtda sarp edilen energiýanyň 16,6 göterimi arassa çeşmelerden alnypdyr. Bu görkeziji ozalky ýylda 15,9 göterim bolan eken. Bu görkeziji 2030-njy ýyla çenli her ýyl 1 göterim artdyrylar. Şeýle hem ýurtda elektroulaglara zarýad berilmegi üçin hem infrastruktura giňeldilýär. Şu ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, ýurtda 3,92 million zarýad beriji beket bar. Bu bolsa, dünýäde iň köp ýaýran tor hasaplanýar. 2025-nji ýyla çenli zarýad beketleriniň 20 million elektroulag üçin ýeterlik boljakdygy aýdylýar.