Her bir di­liň özü­ne mah­sus gur­lu­şy bar. Kä­bir dil­de söz­ler bir ýa-da iki bo­gun­ly bo­lup, örän gys­ga bol­ýar. Köp dil­de sö­züň yzy­na ýa-da öňü­ne go­şul­ma go­şul­ma­ýar. Dil­le­riň kä­bi­rin­de bol­sa, bir­nä­çe sö­zi go­şup, tä­ze söz eme­le ge­ti­rip bol­ýar. Dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de goş­ma söz­ler­den eme­le ge­len ýer-ýurt at­la­ry bar. Bu at­lar şeý­le bir uzyn we­lin, ony şol dil­de gep­le­ýän­ler üçin hem aýt­mak aň­sat bol­ma­sa ge­rek. Ine, şol ýer­le­riň bäş­li­gi:

Täze Zelandiýadaky depäniň ady

«Tau­ma­taw­ha­ka­tan­gi­han­ga­koauauo­ta­ma­tea­tu­ri­pu­ka­ka­pi­ki­ma­un­ga­ho­ro­nu­ku­po­ka­iw­he­nua­ki­ta­na­ta­hu»: sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýän bu söz­de 85 harp bar. Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky be­ýik­li­gi 305 metr­lik bir de­pä­niň ady bo­lan bu ýer ýer­li Mao­ri di­lin­de «top­rak­la­ry ýu­wud­ýan, da­ga dyr­ma­şy­jy uly dyz­ly Ta­me­tea­nyň ge­lip, ha­la­ýan adam­sy üçin tüý­dük çal­ýan de­pe­si» diý­me­gi aň­lad­ýar. Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zi­len bu ýe­re gys­ga­ça «Tau­ma­ta» di­ýil­ýär. Şeý­le hem Tä­ze Ze­lan­di­ýa­da «Tau­ma­ta» sö­zi iň ýör­gün­li fa­mi­li­ýa­la­ryň hem bi­ri­dir.

Gellerdäki demir ýol bekedi Ýewropanyň iň uzyn atly ýeri hasaplanýar

«Llan­fa­irpwllg­wyn­gyll­go­ge­rychwyrnd­robwlll­lan­ty­si­lio­go­go­goch»: je­mi 58 harp­dan yba­rat bo­lan bu ýer Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gyň Uels döw­le­tin­de ýer­leş­ýär. Şeý­le hem ýo­kar­da ag­zal­ýan bu ýer Ýew­ro­pa­da iň uzyn at­ly ýer ha­sap­lan­ýar. Gys­ga­ça «Llan­fa­ir PG» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ýe­riň do­ly ady uels­çe­de «Gy­zyl dü­kan­ly Ke­ra­mat­ly Ti­si­lio but­ha­na­sy­nyň gir­da­by­nyň ýa­nyn­da­ky ak fun­duk aga­jy­nyň kö­we­gin­dä­ki Ke­ra­mat­ly Mer­ýem yba­dat­ha­na­sy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Uel­siň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Angl­si ada­syn­da­ky bu uly oba he­mi­şe myh­man­ly bol­ýar. Myh­man­la­ryň kö­pü­si di­ňe bu tä­sin at­ly oba­ny gör­mek üçin bu ýe­re gel­ýär­ler. Üç müň tö­we­re­gi ila­ty bo­lan bu oba­nyň ýer­leş­ýän ada­sy gu­ry ýer­den o di­ýen uzak­da bol­man, köp­ri ar­ka­ly ba­ryp bol­ýar.

Adada ýerleşýän oba 1848-nji ýylda demir ýol çekilipdir.

Köp adam bu tä­sin adyň ada­da uzak ýyl­lar­dan bä­ri ýa­şa­ýan kelt­le­riň me­de­ni­ýe­ti bi­len bag­ly­dy­gy­ny pi­kir ed­ýär. Em­ma bu at ga­dy­my söz däl. 1848-nji ýyl­da oba­nyň go­la­ýyn­da de­mir ýol gu­rul­ýar. De­mir ýo­luň gu­rul­ma­gy bi­len bu ýe­re te­le­ke­çi­ler gö­çüp gel­ýärler, tä­ze dü­kan­lar gu­rul­ýar. Şeý­le-de bol­sa, esa­san, se­net­çi­lik we ki­çi te­le­ke­çi­lik bi­len meş­gul­lan­ýan söw­da­gär­le­riň işi ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly şow­ly bol­ma­ýar. Bu ýer­de iş­le­ýän ti­kin­çi­le­riň bi­ri oba­nyň ady­ny üýt­get­me­gi tek­lip ed­ýär. 1869-njy ýyl­da bu ýe­re tä­ze at da­kyl­ýar. Gys­ga wagt­dan soň­ra bu tä­sin at­ly ýer tu­tuş Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da meş­hur­lyk ga­zan­ýar we adam­lar ge­lip baş­la­ýar. 2002-nji ýyl­da bu oba­nyň ady bi­len in­ter­net do­me­ni hem dö­re­dil­ýär. Bu in­ter­net saý­ty iň uzyn bir söz­li in­ter­net saý­ty bol­ýar.

ABŞ-nyň iň uzyn atly kölüniň töweregi ýerli nipmuk taýpasynyň gadymy mekany hasaplanýar.

«Char­gog­ga­gogg­mancha­ug­ga­goggchau­bu­na­gun­ga­maugg»: iň uzyn at­ly ýer­le­riň sa­na­wyn­da­ky üçün­ji ýe­ri ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets şta­tyn­da­ky Webs­ter şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky köl eýe­le­ýär. 45 harp­ly kö­lüň ady ame­ri­kan ýer­li al­kol­gin di­lin­de «Ara­çäk­dä­ki ba­lyk tu­tul­ýan ýer» diý­me­gi aň­lad­ýar. Şeý­le hem bu at ABŞ-da iň uzyn at­ly ýer ha­sap­lan­ýar. Bu kö­le gys­ga­ça «Webs­ter kö­li» hem di­ýil­ýär. Ant­ro­po­log Aý­wes God­dard bol­sa bu sö­züň «Ada­lar bi­len bö­lü­nen köl» diý­me­gi aň­lad­ýan­dy­gy­ny aýd­ýar. Kö­lüň ady has ir­ki dö­wür­ler­de «Cha­ba­na­guncamo­gue» we «Chau­ba­na­go­gum» gör­nü­şin­de hem ga­bat gel­ýär. Mas­sa­çu­set­siň 1795-nji ýyl­da­ky kar­ta­syn­da kö­lüň uzyn nus­ga­sy­ndaky adynyň il­kin­ji se­kiz bog­ny – «Char­gog­ga­gogg­manchog­ga­gogg» gör­nü­şin­de gör­ke­zi­lip­dir.

Afrikanyň iň uzyn atly ýeri.

«Twee­buf­fels­me­teens­ko­ot­mors­do­od­ges­ki­et­fon­te­in»: Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy­nyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da­ky bu öri meý­da­ny «Iki gäw­mi­şiň bir ge­zek aty­lan­da öl­dü­ri­len çeş­me­si» diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu söz­de 44 harp bar. Gü­nor­ta Af­ri­ka­ly meş­hur aý­dym­çy An­ton Gu­sen 2014-nji ýyl­da çy­ka­ran «Pu­ton­ner­wa­ter» at­ly al­bo­myn­da­ky aý­dym­la­ryň bi­ri­ne ýo­kar­da­ky ady goý­ýar.

Ispaniýanyň Az­pil­kue­ta obasynyň ýerleşýän se­biti Ýew­ro­pa­nyň iň owa­dan ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.

«Az­pi­licue­ta­ga­raycosa­roya­ren­be­recolar­rea»: bu ýer Is­pa­ni­ýa­nyň Na­war­ra aw­to­nom se­bi­tin­dä­ki Az­pil­kue­ta oba­syn­da ýer­leş­ýär. 39 harp­ly ýer bask­ça­da «Az­pil­kue­ta­nyň be­ýik ha­ýa­ty­nyň pes meý­da­ny» diý­me­gi aň­lad­ýar. Se­bit Ýew­ro­pa­nyň iň owa­dan te­bi­gat­ly ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.