Ýer ýüzünde iň uly gemriji jandar Günorta Amerika ýurtlarynda gabat gelýär. Ylmy dilde «Hydrochoerus hydrochaeris» diýilýän bu jandar kapibara ýa-da uly kapibara diýlip atlandyrylýar. Syçan, alaka, alajagözen ýaly beýleki gemrijilerden tapawutlylykda bu tüýlek jandar ýüzüp hem bilýär. Gaty tüýleri bolan bu jandar derisi we eti üçin hem awlanýar. Kapibaralar 25 derejä çenli sowuga çydamly bolýar. Kapibaranyň boýy 1,40 metre, beýikligi 65 santimetre ýetýär. Agramy 70 kilograma ýetýän kapibaralar dünýäniň iň uly gemrijisi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdir. Adatça otlamak arkaly iýmitlenýän kapibaralar miweleri, agaç gabyklaryny we suwda bitýän otlary iýýärler. Otlaryň saralýan yssy günlerde bolsa suwly batgalyklarda ýaşaýarlar. Beýleki gemrijilerde bolşy ýaly, kapibaralaryň alyn dişleri güýçli bolup, yzygiderli ösýär. Yzygiderli ösmeginiň sebäbi gemrijiniň ot iýmek zerarly dişleriniň kütelmegi hasaplanýar.
Nirede ýaşaýar?
Derýalaryň ýa-da kölleriň golaýyndaky gür tokaýlarda we sawannalarda* ýaşaýan bu jandarlar saý suwlaryň düýbündäki otlary we kökleri iýýändikleri üçin köllerde we batgalyklarda mesgen tutýarlar. Şeýle hem gyrymsy agaçly tokaýlarda, düzlüklerde hem ýaşaýarlar. Adatça, ýyly we tropiki howaly ýerleri mesgen tutunýarlar. Uly kapibara «Hydrochoerus» maşgalasynyň iki agzasynyň biri hasaplanyp, onuň beýlekisine kiçi kapibara («Hydrochoerus isthmius») diýilýär. Adatça, 10-20 agzaly sürüler bolup ýaşaýan hem bolsalar, kapibaralar kähalatlarda 100-den gowrak agzaly süri bolup hem ýaşaýarlar. Bu jandarlaryň sany howp astynda hasaplanmaýar. Kapibaranyň esasy ýagysy ýaguar, puma, oselot ýaly jandarlar hasaplanýar. Köp adam pişikler maşgalasyna degişli jandarlaryň suwy halamaýandygyny we ýüzüp bilmeýändigini pikir edýän hem bolsa, bu ýabany pişikler ökde ýüzüjiler hasaplanýar. Şol sebäpli haýal hereket edýän kapibaralary tutmak olar üçin o diýen kyn bolmaýar. Şeýle hem bürgütler we alligatoryň bir görnüşi bolan kaýmanlar hem kapibaralary awlaýar. Tropik tokaýlarda ýaşaýan ýaşyl anakonda hem kapibaranyň ýagysy hasaplanýar. Bu jandarlar 8–10 ýyl aralygynda ýaşaýarlar. Emma ýabany tebigatda kapibaralar ortaça 4 ýyl ýaşaýar.
Bu jandarlar Günorta Amerikanyň Çiliden galan böleginde, ýagny, yklymyň Ýuwaş ummanynyň kenaryndan uzakda gabat gelýär. Bir gezek çümeninde suwuň aşagynda 5 minutdan köp saklanyp bilýän kapibaralar suwuň içinde burnuny daşyna çykaryp uklaýarlar. Reňki adatça goňur bolup, seýrek ýagdaýda gara ýa-da ak reňklisi hem gabat gelýän bu tokgaja bedenli jandaryň guýrugy bolmaýar. Öň aýaklary art aýagyndan birneme kelte bolýar. Aýaklaryndaky barmaklarynyň arasynda perde bolup, bu olaryň çalt ýüzmegine ýardam berýär.
Eldekileşdirip bolýar
Kapibaralar ilatly ýerleriň golaýynda hem ýaşaýarlar. Bu jandarlary haýwanat baglarynda aňsatlyk bilen idedip bolýar. Hatda şäherleriň golaýynda we seýilgählerde hem gabat gelýän kapibaralar haýwanat baglarynda 12 ýyla çenli ýaşaýarlar. Bu bolsa ýabany tebigatdaky ortaça ýaşynyň iki essesinden hem köpdür. Bu jandarlar adamlardan ürkmeýärler we golaýlaşyp iýmit berlende iýýärler. Hatda olary eldekileşdirip hem saklamak mümkin. Emma tüýleriniň arasyndaky sakyrtganyň adama geçip zeper ýetirip biljekdigi sebäpli ondan daşda durmak maslahat berilýär. Şeýle-de bolsa, käbir ýerde öý haýwany hökmünde saklanýar.
Bu jandarlar diňe adamlardan däl, beýleki haýwanlardan hem gorkmaýar.
Kapibara sözi ýerli tupi dilinde «ýaş otlary iýýän» diýmegi aňladýar. Jandaryň ylmy ady – «hydrochoerus» we «hydrochaeris» sözleri bolsa, grek dilindäki «hydro» – suw we «choiros» – «doňuz, açgöz» sözlerinden emele gelipdir.
*Sawanna: Günorta Amerikada, Afrikada, Aziýada we Awstraliýada duş gelýän seýrek agaçly we gyrymsy ösümlikli tropiki sähra zonalary.