29-njy iýulda sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan 28-nji iýulda gelip gowşan hoş habary ýetirdi. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 19 döwlet onuň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen mähirli gutlap, munuň döwlet Baştutanymyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi sebitimiz üçin parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde geosyýasy we geoykdysady mümkinçilikleri emele getirýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamany kabul etmegi mynasybetli ähli watandaşlarymyzy gutlap, bu möhüm resminamanyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetde alnyp barylýandygynyň nyşanydygyny aýtdy.