2017-nji ýylyň 1-nji martynda Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli XIII Sammiti açyldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, YHG agza ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleriniň we halkara düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu duşuşyk, geçilen ýola baha bermek we seljermek geljek üçin möhüm ugurlary kesgitlemek nukdaýnazaryndan Guramanyň işiniň möhüm bölegi bolar.

Forum “Serena” myhmanhanasynda geçdi. Mejlisiň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşýanlaryň bilelikde surata düşmeginiň resmi dabarasy boldy.

Sammitde hormatly Prezidentimiz hem çykyş etdi.Türkmen Lideri ýokary derejeli Sammitde çykyş edip, mundan 20 ýyldan gowrak ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi, onuň netijeleri boýunça Türkmenistana Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini belledi.Yslamabat Jarnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýasynyň esasynda duran ilkinji resminmalarynyň biri boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip, yglan etmek baradaky Rezolýusiýany hem kabul etdi. Milletler Birleşiginiň bu çözgüdi ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda Bitaraplygyň ägirt uly hyzmatynyň ykrar edilmegi boldy. Bu bolsa öz gezeginde ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmegiň, olaryň durmuşynyň ruhy we medeni-ynsanperwer esaslaryny gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýär.

Türkmenistan hut şu umumyadamzat gymmatlyklaryndan ugur alyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerine netijeli gepleşikler üçin geljegi uly bolan we oňyn şert hökmünde garaýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de munuň sebitde gatnaşyklary biziň döwletlerimiziň her biriniň uzakmöhletli bähbitlerine laýyklykda, ýola goýmaga ýardam berýändigini belledi.

Sebit üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge Owganystanyň gatnaşmagymöhüm

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän sebitleýin ähzmiýektli giň möçberli taslamalar barada aýdyp, YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijileriniň ýanynda täze elektrik ulgamyny we beýleki aragatnaşyk desgalaryny gurmak mümkinçiligi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň gatnaşmagynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky üçtaraplaýyn resminama gol çekilendigini aýtdy. Oňa laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektroenergiýasyny ugratmak üçin degişli düzümleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy. Häzirki döwürde optiki-süýüm ulgamyny çekmek taslamasy boýunça üçtaraplaýyn görnüşde zerur işler alnyp barylýar.

 

2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji Sebitara-ykdysady maslahaytnyň geçiriljekdigini belläp, döwlet Baştutangymyz bu ýorumyň dowamynda şunuň ýaly sebitleýin ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen jike-jik tanyşyljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Owganystanda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ylylyaşygyň amala aşyrylmagynyň sebitiň ösüşiniň möhüm şertidigini belledi. Ähli syýasy-diplomatik tagallalar we başlangyçlar hut şu maksada ýetmäge gönükdirilendir, bu bolsa goňşy Owganystanda durnukly ýagdaýyň emele gelmegine, ýurtda durmuş-ykdysady düzümleriň dikeldilmegine ýardam berer diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owgansytana anyk ykdysady we ynsanperwer kömegini berýär. Munuň özi goňşy ýurduň çäginde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygynda, arzan baha bilen elektroenergiýasynyň ugradylmagynda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň bilim almagynda, yzygiderli ynsanperwer ýükleriniň ugradylmagynda we beýleki çärelerinde öz beýanyny tapýar. Bu işleriň hemmesi Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna malýieleşdirilýär.

Owganystanyň iri sebitara we halkara düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçi rilmegine gatnaşmagy bu ugurdaky netijeli gurallaryň biri bolup durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz munuň Owganystan üçin oňyn geljegi, onuň sebitara we ählumumy meselelerde eýeleýän ornuny, owgan halkynyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň kepilini ykrar edýändigini belledi.

YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmek teklip edildi

Hormatly Prezidentimiz Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy.

Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Biziň ýurdumyz iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz bu taslamalaryň hataryna Gazagystan-Türkmenistan –Eýran, Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan transmilli demir ýollarynyň gurluşygyny, Özbegistan-Türkmenistan –Eýran-Oman, Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegini degişli diýip aýtdy.

“Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça beýleki ulag taslamalary barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň amala aşyrylmagynyň YHG agza ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini belledi.

2014-nji we 2015-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty barada Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki Rezolýusiýa kabul edildi. Bu resminamalar 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulagmy boýunça ilkinji Ählumumy maslahaty geçirmek üçin hukuk esasyny döretdi. Ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Aşgabatda bu Gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirilmegi teklip etdi.

Energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary beýan edildi

Yslamabatda geçýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň ýene-de bir iri başlangyçlarynyň biri ygtybarly energiýa üpjünçiligini halkara-hukuk binýadyny döretmek bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Aasambleýasynyň 2008-nji 19-njy dekabrynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi bu başlanygyjy netijesindir. Şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi dünýäniň energiýa üpjünçiliginiň, has dogrusy onuň energiýa hopsuzlygynyň halkara-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda ilkinji ädimleriň biridir.

Türkmenistanyň energetika strategiýasy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz onuň energetika akymlarynyň köp görnüşli kadalaryna esaslanýandygyny, onuň geografiýasynyň giňelmegine, halkara energiýa işlerine gatnaşmaga gyzyklanýan barha köpsanly ýurtlaryň çekilmegine daýanýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý we Türkmenistan –Eýran ugurlary boýunça gaz geçirileri guruldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijirsiniň gurluşygyna girişildi. Bu taslamalar Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.