Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň abraýly guramasy hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzalygyna saýlandy. Aradan geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe boldy.
Türkmenistanyň BMG-ä doly hukukly agzalyga kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly mejlis geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilen mejlise ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyplar, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Dabaraly mejlisiň başynda hormatly Prezidentimiziň Gutlag haty okaldy. Milli Liderimiz öz Gutlag hatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biridigini belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen öz üstüne alan jogapkärçilikli halkara borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, häzirki wagtda ýurdumyzda bu guramanyň dürli iri düzümleri, hususan-da, Ösüş Maksatnamasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, poçta gaznasy ýaly guramalarynyň wekilhanalary üstünlikli işleýär.
Dabbaraly mejlisiň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky wekili Ýelena Panowa, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň bu şanly sene mynasybetli iberen gutlag hatyny okady. Baş sekretar öz hatynda, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy hem-de Türkmenistanyň BMG-ä agza bolmagynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen mundan beýläk-de parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna strategik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdiklerini mälim etdi.
Dabaranyň çäklerinde edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan bilen BMg-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ýetilen belent sepgitler, ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler barada gürrüň edildi.
Döwletimiz özüni BMG-niň jogapkärli we uzakmöhletli hyzmatdaşydygyny görkezip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplady. Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda täjigara we owganara gapma-garşylyklaryny syýasy ýol bilen çözmek boýunça gepleşikleriň geçirilmegi hem-de türkmen paýtagtynda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bularyň ählisi Merkezi Aziýa sebitinde ýurdumyzyň abraýynyň barha belende galmagyna ýardam edýär, döwletimiziň bu uly giňişlikde durnuklaşdyryjy ornuny has-da berkidýär, parahatçylygy hem-de ýokary adalatlylyk ýörelgelerini berkarar etmekde ýurdumyzyň pikirdeşleriniň barha artmagyny üpjün edýär.
Milletler bileleşigi Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny, onuň sebitde durnuklylygy, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça görýän anyk çärelerini doly goldaýar.
Häzirki günde Türkmenistan dünýäniň 142 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar hem-de abraýly halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolup durýar.