Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew mejlisiň ýatyrylýandygy baradaky karara gol çekdi we ýurtda 2-nji oktýabrda geçiriljek möhletinden öňki saýlawlary meýilleşdirdi.

Karara laýyklykda, häzirki parlament şu gün – 2-nji awgustda ýatyrylýar. Takmynan, iki aýyň içinde täze parlament saýlawlary geçiriler.

Şeýle hem Radew, öňki Zähmet ministri Gylyb Donewiň ýolbaşçylygyndaky tehniki hökümeti bellemek baradaky karara gol çekdi.