Bu ýerde mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary, ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Mekdep bazarlarynda diňe okuw esbaplary däl, eýsem, mekdep lybaslary hem bar. Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren oglanlara we gyzlara niýetlenen dürli ölçegdäki mekdep lybaslary ýokary hilli we elýeterli bahasy bilen alyjylaryň göwnünden turýar. Mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplarynyň aglabasy milli harytlarymyz. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän ýeňli, ýakasy keşdeli ýaşyl köýnekler, penjekler, öňlükler, zähmet sapagyna niýetlenen lybaslar okuwçy gyzlarda höwes döredýär. Oglanlar hem bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslaryny – köýnekdir penjekleri, aýakgaplary satyn alýarlar.