Angliýanyň “British Petroleum” (BP) kompaniýasy şu ýylyň ikinji çärýeginde soňky 14 ýyldaky iň ýokary peýdasyny gazandy. BP-niň degişli döwürdäki peýdasynyň 8,45 milliard dollara ýetip, ähli bilermenleriň çaklamalaryndan ýokary boldy. Şeýlelikde energiýa kompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary peýdasyny hasaba aldy. Bu peýdanyň gazanylmagynda nebitiň bahasynyň gymmatlamagy, gaýtadan işlenilýän kärhanalardan alnan girdejiniň ýokary bolmagynyň täsiri uly bolupdyr. Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän kompaniýa şu ýylyň birinji ýarymynda paýdarlaryndan 3,8 milliard dollarlyk paýnamany yzyna satyn alypdy. Kompaniýa geljek üç aýyň dowamynda hem 3,5 milliard dollar paýnama satyn aljakdygyny mälim etdi.