Tomus paslynyň dowam edýän yssy günlerinde suwda ýüzmegi halamaýan az bolsa gerek. Şeýle bolansoň esasy dynç alyş merkezlerinde, myhmanhanalarda ýörite howuzlar bar. Adatça adamlar yssy günlerde dynç almak üçin deňiz kenarlaryna gidýän hem bolsa, ýüzülýän howuzlaryň käbiri deňiz kenarynda ýerleşýär. Syýahatçylyk bilermenleri açyk asmanyň astyndaky dünýäniň iň gowy howuzlarynyň sanawyny taýýarlapdyrlar.
“Gök lagun”. Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikdäki bu howuz iň meşhur ýyly suwly şypahanalaryň birinde ýerleşýär. Hemişe gök reňkli bolýandygy sebäpli şeýle at goýlan howuz birnäçe gezek rejelenip, owadan binagärligi bilen hem tapawutlanýar.
Kornwallyň howzy. Angliýanyň iň giň howuzlarynyň biri bolan howuz 1935-nji ýylda açylypdyr. Penzans şäherinde deňiz kenarynda ýerleşýän howuz deňiz suwy bilen doldurylýar. Köp adam has howpsuz bolýandygy sebäpli deňiz kenaryna barsa-da howuzda ýüzmegi halaýar.
Barton. ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky bu howuz hemişe diýen ýaly gök öwsüp oturan tokaýlygyň jümmüşinde ýerleşýär. Howuz emeli usulda döredilen hem bolsa, onuň sowy tokaýdaky tebigy çeşmelerden gelýär.
Bondi. Awstraliýanyň meşhur kenarýaka dynç alyş merkezindäki “The Iceberg Pool” ummanyň gyrasynda gurlupdyr.