«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, hoş habarlara beslenip, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 29-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň edermen babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky hoş habaryň beýan edilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Çünki bol galla hasylynyň kemala gelmegi saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolup, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň esasy şerti bolup durýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ba­ba­daý­han­la­ryň ga­za­nan bu üs­tün­li­gi Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­lyk to­ýu­na my­na­syp zäh­met sow­ga­dy bol­dy. Iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ba­ba­daý­han­la­ry ga­za­ny­lan bu aja­ýyp zäh­met üs­tün­li­gi bi­len gut­lap, daý­han­la­ry­my­zyň mun­dan beý­läk hem oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl ön­dür­jek­dik­le­ri­ne uly ynam bil­dir­di. Şeý­le hem Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ren iş mas­la­ha­tyn­da bir­nä­çe ka­rar­la­ry ka­bul et­di. Şon­da gel­jek 2023-nji ýyl­da bug­daý ön­dür­mek bi­len bag­ly kä­ren­de­çi-daý­han­lar bi­len şert­na­ma bag­laş­mak, daý­han ho­ja­lyk­çy­lar, mülk­dar­lar we beý­le­ki hu­su­sy önüm ön­düri­ji­le­riň şert­na­ma­dan ar­tyk ön­dü­ren bug­daý ha­sy­ly­nyň bir ton­na­sy­na 1600 ma­nat­dan hak tö­le­mek bo­ýun­ça ka­bul eden ka­rar­la­ry oba zäh­met­keş­le­ri­ni öň­kü­den hem gaý­rat­ly zäh­met çek­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar, tä­ze-tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­ma­ga uly ba­dal­ga ber­ýär.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de esa­sy uly orun de­giş­li bo­lan oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, bu pu­da­gy iň bir gir­de­ji­li pu­da­ga öwür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Kä­ren­de­çi­le­riň ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri, be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­dan bol ha­syl ön­dür­mek­le­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýer-suw se­riş­de­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, şor­laş­ma gar­şy gö­reş­mek, ýer­le­riň ha­syl­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri­ni hem ber­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da bol gal­la ha­sy­ly­nyň Wa­tan har­ma­ny­na tab­şy­ryl­ma­gy mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da kä­ren­de­çi-daý­han­lar, mülk­dar­lar, daý­han ho­ja­lyk­çy­lar ha­syl­dan bo­şan meý­dan­la­ry gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly­na taý­ýar­la­mak, güýz­lük bug­daý eki­şi­ni öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mek ug­run­da ala­da­lan­ýar­lar. Şon­da bug­daý meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­me iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Bu işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de et­rap teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­sy­nyň teh­ni­ka­la­ry daý­han­la­ryň iň ýa­kyn da­ýan­jy bo­lup dur­ýar. Sü­rüm we te­kiz­le­me iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ri­li­şi­ne de­giş­li hü­när­men­ler berk gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler. Bu mö­hüm iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li ag­ro­teh­ni­ki ta­lap­la­ra gö­rä ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi, ýer­le­riň oňat tap­lan­ma­gy­na, su­wuň atyz­la­ra bir­te­kiz dü­şüp, suw­dan oňat gan­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Kä­ren­de­çi daý­han­lar hem öz­le­ri­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky ýer­le­riň gy­ra-tö­we­rek­le­rin­de, çil­ler­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler, aka­ba­la­ry gyr­man­ça­lar­dan aras­sa­la­ýar­lar. Güýz­lük bug­daý eki­şi­ne äh­li­ta­rap­la­ýyn yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi eki­şi bel­le­nen wagt­da ge­çir­mek­li­ge uly müm­kin­çi­lik be­rer. Mu­nuň özi kä­ren­de­çi­le­riň gel­jek ýyl­da hem bol gal­la ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­gi­niň esa­sy şer­ti ha­sap­lan­ýar. Ýur­du­my­zy ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne alyp bar­ýan Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, her bir döw­let­li tu­tum­la­ry he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.