Türkmenlerde «Ata kesbi – ogla halal» diýip, örän jaýdar aýdylan söz bar. Asyrlarboýy jan hem ten bilen eýlenen ýol mähir we terbiýe bilen sepleşip, gadymy mirasyň nesilleriň kalbynda ebedi ýaşamagyna esas bolupdyr. Biziň halkymyzda bu entegem şeýle. Durmuşda perzentleriň ata ýoluny, ene kesbini saýlaýan pursatlaryna ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Bu Magtymgulynyň waspyny eden derelerinde tenekär ot-çöpleri ýygnap, rowaýat köküni diňläp, Sumbar jülgesiniň şirin suwly çeşmelerinden gana-gana öz sesiniň ýaňyna guwanyp aýdym aýdýan Orazyň durmuşynda hem hut şeýle bolupdy.

Ora­zyň ka­ka­sy Ak­mäm­met aga-da, eje­si Ogul­dur­sun eje hem yk­ba­ly­ny sun­ga­ta ba­gyş­lan adam­lar­dy. Ak­mäm­met aga oba klu­bun­da ki­no­gör­ke­zi­ji bo­lup iş­le­ýär­di. Ogul­dur­sun eje bol­sa et­ra­byň ki­tap­ha­na­çy­sy­dy. Her gün ag­şam maş­ga­la ag­za­la­ry bir ýe­re jem bo­lan­da tä­ze ki­no eser­le­ri­niň, iň oňat ki­tap­la­ryň, et­rap me­de­ni­ýet öýü­ne ge­ti­ri­len sah­na oýun­la­ry­nyň gür­rü­ňi edil­ýär­di. Ýog­sa oba dur­mu­şy­na mah­sus bo­lan hy­syr­dy­lar maş­ga­la­da az­lyk et­me­ýär­di. Mal-ga­ra, ekin-di­kin, how­la se­ren­jam ber­mek ýa­ly ala­da­lar bu maş­ga­la­dan hem as­la üz­ňe däl­di. Bu­lar şeý­de-şeý­de ýe­di ça­ga­ny ke­ma­la ge­tir­di­ler. Üç ogul, dört gy­za edep-ter­bi­ýe be­rip, ola­ry bi­lim­li adam­lar edip dur­muş ýo­lu­na atar­dy­lar.
Oraz Ora­zow 1961-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Mag­tym­gu­ly et­ra­byn­da gul­luk­çy maş­ga­la­syn­da ene­den bol­ýar. Or­ta bi­li­mi şol etrabyň 2-nji or­ta mek­debin­de alan Oraz okuwçy döw­rün­de aý­dym-saz sa­pa­gy bi­len iç­gin gy­zyk­lan­ýar, mek­dep­de he­re­ket ed­ýän aý­dym-saz gur­na­gy­na gat­nap, her ge­zek ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­da çy­kyş ed­ýär.
Ol oku­wyn­dan boş wagty ka­ka­sy­nyň iş­le­ýän ýe­ri bo­lan oba klu­by­na ba­ryp, ka­ka­sy­nyň ki­no gör­ke­zi­şi­ni öw­re­nip­dir, oba klu­by­na ge­len äh­li film­le­ri ýat­dan bi­lip­dir, film­le­riň gah­ry­man­la­ry­nyň dö­re­den keşp­le­ri­ni, söz­le­ri­ni ýat tu­tup­dyr. Şeý­le­lik­de, Oraz ýaş­ly­gyn­dan ki­no sun­ga­ty­nyň ja­dy­laý­jy güý­jü­ne bag­la­nyp, öz gel­jek­ki hü­nä­ri­ni kes­git­läp­dir. Ak­mäm­met aga bol­sa og­lu­nyň bu pi­ki­ri­ni gol­dap­dyr. Ka­ka­sy og­lu­na ata-ba­ba ru­hy si­ňen top­ra­gyň ta­ry­hy ha­kyn­da ýa­şu­lu­lar­dan eşi­den tä­sir­li ro­wa­ýat­la­ry­ny gür­rüň be­rip­dir. Wag­tyň geç­me­gi bi­len Oraz ki­no ese­ri­niň gör­ke­zi­li­şi­niň til­sim­le­ri­ni öw­ren­ýär, so­ňa­ba­ka özi öz­baş­dak ki­no gör­kez­me­gi öz­leş­di­rip baş­la­ýar.
Or­ta mek­de­bi ta­mam­la­nyn­dan soň, Daş­kendiň teatr we çe­per­çi­lik ins­ti­tu­ty­nyň akt­ýor­la­ry taý­ýar­la­ýan bö­lü­mi­ne res­mi­na­ma­la­ry­ny tab­şy­ryp, döw­let sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çip, ta­lyp bo­lan Oraz ins­ti­tut­da pro­fes­sor Mi­ha­il Fat­ta­kow­dan akt­ýor us­sat­ly­gy bo­ýun­ça tä­lim al­ýar. Oraz bi­len bir ýyl­da okan Şir­li Mol­la­ýew, Öwez Hu­daý­gu­ly­ýew, Oraz­gel­di Re­je­pow, Nu­ry Hu­daý­gu­ly­ýew, Ak­my­rat Ar­çy­kow, Oraz­je­mal Hot­jy­ýe­wa da­gy hor­mat­ly at­la­ryň, döw­let sy­lag­la­ry­nyň eýe­le­ri. Ins­ti­tu­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lap ge­len Ora­zy şol wagt­ky Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky Ýaş to­ma­şa­çy­lar te­at­ry­na akt­ýor edip işe al­ýar­lar. Onuň il­kin­ji iş­le­ri­niň bi­ri «Gül­le de­şen tel­pek» spek­tak­lyn­da Mah­my­dyň keş­bi­dir. O.Ora­zow bu te­at­ryň sah­na­syn­da Hom­mat Mül­lü­giň pýe­sa­sy esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan «Saw­çy­lar» at­ly spek­takl­da baş keşp­de – Oraz at­ly ýi­gi­diň keş­bin­de çy­kyş ed­ýär. Şon­dan soň Oraz «Ke­mal» spek­tak­lyn­da Ra­jyň, «Uly og­lum» spek­tak­lyn­da Bu­sygi­niň, «Ha­las ediň!» spek­tak­lyn­da Nu­ry­nyň keşp­le­ri­ni us­sat­lar­ça jan­lan­dy­ryp, teatr muş­dak­la­ry­nyň söý­gü­si­ne my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­ýar. Oraz­gu­ly An­na­ýe­wiň «Gy­za­ryp ýa­şan şa­pak» pýe­sa­sy esa­syn­da sah­na­laş­dy­ry­lan spek­takl­da­ky Na­za­ryň keş­bi hem köp to­ma­şa­çy­la­ryň ýa­dyn­da­dyr. Ol bu teatr­da 8 ýy­la go­laý iş­le­ýär, şol dö­wür­ler­de ýaş akt­ýor ki­no­re­žiss­ýor­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Ora­zyň akt­ýor hök­mün­de jan­lan­dy­ran keşp­le­rin­den «Ýaş­ly­gy­myň ka­sa­my» at­ly çe­per film­dä­ki baş gah­ry­man Döw­le­tiň, «Zä­her­le­nen söý­gi» at­ly çe­per film­dä­ki aý­dym­çy ýi­gi­diň, «Ser­het­çi» fil­min­dä­ki ser­het­çi­niň, «Öw­rüm» fil­min­dä­ki ka­pi­tan Ba­ty­ro­wyň, «Mys­gal» fil­min­dä­ki My­ra­dyň keşp­le­ri onuň öz­bo­luş­ly ze­hi­ni­ni açan keşp­ler­dir.
90-n­jy ýyl­la­ryň ba­şyn­da film­le­riň re­žiss­ýo­ry hök­mün­de il­kin­ji iş­le­ri­ni halk köp­çü­li­gi­ne hö­dür­läp baş­lan Oraz en­çe­me il­ha­lar film­le­ri dö­red­ýär. 1993-1995-nji ýyl­lar­da hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len Mosk­wa­nyň ýo­ka­ry ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň ki­no­re­žiss­ýor­la­ry taý­ýar­la­ýan bö­lü­mi­ne oku­wa gi­den Ora­za ha­ly­pa ki­no­re­žiss­ýor Bu­lat Man­su­row tä­lim ber­ýär. Ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň bi­rin­ji ýy­lyn­da okap ýör­kä, Oraz ýyl­lyk işi üçin Daş­kent­de bi­le okan ýol­da­şy Nu­ry Hu­daý­gu­ly­ýe­wiň aýd­ýan «Yk­ba­lym» at­ly aý­dy­my­ny wi­deo gör­nüş­ler bi­len sýu­že­te öwür­mek işi­ni saý­lap al­ýar. Soň­ra şol aý­dym köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ma­wy ek­ran ar­ka­ly gör­ke­zi­lip, hal­kyň sö­ýüp diň­le­ýän aý­dy­my­na öw­rül­ýär.
«Ese­ri dö­red­ýän her bir aw­to­ryň öz aý­ra­tyn­ly­gy bol­ýar. Ki­no­re­žiss­ýor hem su­rat­keş my­sa­ly wa­ka­ny, hä­si­ýe­ti, me­se­lä­ni, ha­dy­sa­ny jan­lan­dyr­ýar, şe­ki­le ge­çir­ýär. Ýö­ne ol şe­kil­ler he­re­ket ed­ýär, ses­len­ýär». Bu re­žiss­ýor Oraz Ora­zo­wyň ýö­rel­ge­si. Şo­nuň üçin ol öz iş­le­ri­ni ki­ne­ma­tog­ra­fik se­riş­de­ler, di­ňe ki­no­nyň özü­ne mah­sus bo­lan aý­ra­tyn­lyk­lar bi­len be­ýan et­mä­ge ym­tyl­ýar. Keý­pi, hä­si­ýe­ti söz­den öňür­ti reňk­le­riň, öwüş­gin­le­riň üs­ti bi­len ýü­ze çy­kar­mak, akt­ýor rep­li­ka­sy­ny re­žiss­ýo­ryň hu­su­sy gö­rü­şi bi­len baý­laş­dyr­mak, öza­ra söh­be­te aw­to­ryň pi­kir ýö­ret­me­si bi­len dü­şün­di­riş ber­mek, pi­kir ber­mek üçin bir kadr­da uzak eg­len­mek Ora­zyň ha­ly­pa­la­ryn­dan öw­re­nen ýo­lu­dyr. Bu onuň «Şü­kür bag­şy» ýa­ly nus­ga­wy fil­mi dö­re­den Bu­lat Man­su­ro­wyň ter­bi­ýe mek­de­bi­ni ge­çe­nin­den soň­ky eser­le­ri­niň ag­la­ba­syn­da du­ýul­ýar. Çün­ki as­ly Türk­me­nis­tan­dan bo­lan mu­gal­ly­my Bu­lat Man­su­row Oraz üçin ta­lyp­lyk ýyl­la­ryn­da oka­dan, tä­lim be­ren us­sa­dy bol­mak bi­len bir ha­tar­da ha­ky­ky hos­sa­ry­dy, dur­muş mek­de­bi­niň hem ha­ly­pa­sy­dy. Oraz to­par­da­ky ta­lyp ýol­daş­la­ry bi­len us­sa­dy­nyň şol ýyl­lar­da dö­re­den «Bul­ga­ryň my­la­ýym şe­ma­ly» at­ly köp se­ri­ýa­ly çe­per fil­mi­niň su­ra­ta dü­şü­ri­li­şi­ne gat­naş­ýar. Ha­ly­pa­sy bi­len su­ra­ta dü­şü­ril­ýän meý­dan­ça­da egin-eg­ne be­rip iş­leş­mek, onuň gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gat­naş­mak Oraz üçin gym­mat­ly tej­ri­be bol­ýar.

O.Ora­zow ko­me­di­ýa žan­ryn­da hem öz uky­by­ny sy­nap gö­ren re­žiss­ýor­la­ryň bi­ri­dir. Onuň dö­re­den «Şaý­ly ge­lin» at­ly çe­per fil­mi köp­le­riň ýa­dyn­da­dyr. Şol film­de esa­sy gah­ry­man­lar To­ty eje (Oraz­gül Ab­ba­so­wa) bi­len Nut­dy aga­nyň (Öwez Ge­le­now) ara­la­ryn­da dü­şü­niş­mez­lik bol­ýan pur­sa­dyn­da Ora­zyň aw­tor hem re­žiss­ýor hök­mün­de ta­pan çöz­güt­le­ri ki­no­nyň şow­ly çyk­ma­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir. «Türk­men­film­de» dür­li ýyl­lar­da iş­län Oraz Ora­zow «Ýy­lan­ly ada», «Öw­rüm» (bi­le­lik­de), «Ha­lal ga­zanç», «Ke­te­ni», «Oguz he­ka­ýa­ty», «Ha­ly ro­wa­ýa­ty», «Ser­het­çi», «Şaý­ly ge­lin», «Kal­by­myň owa­zy», «Tö­re­beg ha­nym», «Mu­ňa dur­muş di­ýer­ler» (bi­le­lik­de), «Ýal­ka­myş bag­şy», «Buz­ly köşk», «Mol­la­ne­pes», «Bug­daý süm­mül bo­lan­da», «Ta­lyp dur­mu­şy» ýa­ly çe­per, do­ku­men­tal film­le­riň on­lar­ça­sy­ny dö­ret­di. Ol köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­sin­de hem iş­le­di. Şol ýyl­lar­da köp se­ri­ýa­ly te­le­wi­zi­on film­le­ri, şe­kil­li aý­dym­la­ry, «Duý­gy» at­ly çe­per fil­mi, ki­çi göw­rüm­li te­le­wi­zi­on do­ku­men­tal film­le­ri dö­ret­di.
Ze­hin­li ki­no­re­žiss­ýor Oraz Ora­zow Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de go­ýu­jy ki­no­re­žiss­ýor hök­mün­de ulu­ly-ki­çi­li film­le­riň en­çe­me­si­ni dö­re­dip, ki­no­muş­dak­la­ry­nyň söý­gü­si­ni ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Ol 2006-njy ýyl­dan baş­lap Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­tyn­da zäh­met çek­mek bi­len, teatr sun­ga­ty fa­kul­te­ti­niň ta­lyp­la­ry bi­len önüm­çi­lik tej­ri­be­ligi­niň çäk­le­rin­de «Yn­san öm­ri» di­ýen okuw-sy­nag fil­mi­ni hem su­ra­ta dü­şür­ýär, bir­nä­çe film­ler üçin ede­bi esas­la­ry hem taý­ýar­la­ýar.
Oraz Ora­zow Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de önüm­çi­li­ge goý­be­ri­len «Ser­paý» at­ly fil­miň aw­to­ry hem re­žiss­ýo­ry­dyr. Bu fil­miň wa­ka­sy meş­hur şa­hyr Gur­ban­na­zar Ezi­zo­wyň dur­muş ýo­lu­ny, onuň ýaş­ly­gy­nyň ge­çen ýyl­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Bu film hem ki­no muş­dak­la­ry­my­zyň söý­gü­si­ne my­na­syp bo­lan film bo­lup­dy. Ol «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de iş­län döw­rün­de ýol­baş­çy we­zi­pe­ler­de hem iş­le­mek bi­len, iş­gär­le­re my­la­kat­ly, şol bir wag­tyň özün­de hem ta­la­be­di­ji bo­lup, öz ukyp-ba­şar­ny­gy­ny iş tej­ri­be­si bi­len ut­gaş­dyr­ma­gy ba­şa­ryp­dy. Onuň «Türk­men­film» bir­le­şi­gin­de sy­lag-hor­ma­ty ulu­dy, iş­gär­lerin­den dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi ta­lap et­mek bi­len, s­se­na­ri­leriň ta­la­ba­la­ýyk ýa­zyl­ma­gy, film­le­riň şow­ly çyk­ma­gy üçin jan aýa­man iş­lär­di. Ze­hin­li ki­no­re­žiss­ýor O.Ora­zow bir ge­zek ga­lam­gär­ler bi­len bo­lan söh­bet­deş­lik­de şeý­le di­ýip­di:
«Kö­ne­den gym­ma­ty­ny ga­çyr­man gel­ýän baý däp-des­sur­la­ry­my­zy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li sy­ýa­sat­la­ry­ny, şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da yz gal­dy­ran mil­li gah­ry­man­la­ry­my­zy tä­sir­li ek­ran eser­le­ri­niň üs­ti bi­len dün­ýä ýaý­mak her bir ki­no we te­le­wi­de­ni­ýe iş­gä­ri­niň bor­ju­dyr. My­na­syp iş­le­mek üçin ýo­ka­ry teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän döw­rün­de bu ugur­da zäh­me­ti­mi­zi gaý­gyr­ma­rys».
O.Ora­zow bi­len en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da egin-eg­ne be­rip bi­le iş­le­şen ha­ly­pa ki­no­re­žiss­ýor Aman­mu­ham­met Döw­le­tow bol­sa şeý­le diý­ýär:
«Oraz tüýs ki­no sun­ga­ty üçin dün­ýä inen yn­san­dy. Mu­ňa biz onuň iş tej­ri­be­si­ni syn­la­ny­myz­da hem do­ly göz ýe­ti­rip­dik. Ol tüýs sun­ga­ta, on­da-da ki­no sun­ga­ty­na ber­len yn­san­dy. Ol ki­no sun­ga­ty­ny Wa­ta­ny­ny, maş­ga­la­sy­ny, muş­dak­la­ry­ny söý­şi ýa­ly söý­ýär­di. 2021-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ara­myz­dan gi­den ze­hin­li sun­gat iş­gä­ri, ki­no­re­žiss­ýor Oraz Ora­zow bi­ziň ýü­rek­le­ri­miz­de ba­ky ýa­şar».

Ak­my­rat HO­JA­BER­DI­ÝEW,
Oguz han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň hü­när­me­ni.