Oýunjaklaryň taryhy örän gadymy bolup, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ilkinji oýunjaklaryň miladydan ozal V asyra degişlidigi anyklandy. Belki has irki döwürlerde hem oýunjaklar ýasalandyr. Toýundan ýa-da agaçdan ýasalan topjagazlar we arabalar oýunjaklaryň ilkinji nusgalary hasaplanýar. Şondan bäri çagalaryň wagtyny gyzykly geçirmekleri, ukyplaryny kämilleşdirmekleri, ugurtapyjylygyny artdyrmaklary üçin oýunjaklaryň ýüzlerçe görnüşi oýlanyp tapyldy. Geçirilen barlaglar her çaganyň öz ýaşyna görä, oýun we oýunjak oýnamagynyň fiziki hem-de ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam edýändigini ýüze çykardy. Käbir oýnawaçlar diňe çagalara däl, eýsem, uly adamlara hem niýetlenen bolup, uzak ýyllaryň geçendigine garamazdan şeýle oýnawaçlara isleg artýar. Mysal üçin, Rubigiň kubjagazy şeýle oýnawaçlaryň biri hasaplanýar. Rubigiň kubjagazy ýaly meşhur bolmasa-da, köp ýyldan bäri ähmiýetini ýitirmän gelýän oýnawaç bar. Ol Nýutonyň «sallançagy» diýlip atlandyrylýar. Bu oýnawaç iş otaglarynda stoluň üstünde bezeg maksady bilen goýulýandygyna garamazdan, fizikanyň kanunlaryna has aýdyň düşünmäge ýardam edýär. Bu oýnawaja Nýutonyň «sallançagy» diýilýän hem bolsa, ony belli fizik Isaak Nýuton oýlap tapmaýar. Hatda, bu enjam Nýutonyň ýaşap geçen wagtyndan has giç peýda bolýar. Kimiň oýlap tapandygy nämälim bolan bu oýnawaja 1967-nji ýylda iňlis teleýaýlym wäşisi Saýmon Prebbl şeýle ady berýär. Bu ady köpçülik kabul edensoň, bütin dünýäde şeýle at bilen meşhurlyk gazanýar.
Oýunjak biri-birine degip duran 5 sany metal topjagazyň iki tarapyndan ýüpden asylyp goýulmagyndan ybarat. Birinji topjagaz ýokary galdyrylyp, öz agramyna aşak goýberilende, hataryň beýleki gyrasyndaky top ýokary galýar. Aralykdaky 3 top hereketsiz durýar. Iki gapdaldaky toplar bolsa, azalýan tizlikde gezekli-gezegine galyp-düşýär we birnäçe wagtdan soň durýar.
Nädip hereket edýär?
Bu hereketiň fizikanyň kanunlaryna görä düşündirilişi şeýleräk: birinji top ýokary galdyrylanda, onda potensial energiýa emele gelýär. Top goýberilen wagty topdaky potensial energiýa kinetik energiýa öwrülip başlaýar. Top aşaklap, gapdalyndaky topa degeninde bolsa, potensial energiýa nol derejä ýetýär, kinetik energiýa iň ýokary derejä çykýar. Goýberilen top ýanyndaky topa degmezden ozal fizikada «P» nyşany bilen görkezilýän impulsa eýe bolýar. Impuls jisimiň massasynyň we tizliginiň köpeldilmegi bilen alynýan we wektory bolan bahadyr. Çakyşýan iki jisimiň arasynda impulsyň geçirilişi bolýar. Eger çaknyşma bu oýnawajyň topjagazlary ýaly, ýagny hereket edýän bir jisim hereketsiz duran jisimiň merkezine baryp ursa, impuls tutuşlygyna beýleki jisime geçýär. Şeýlelikde, impulsyny ýitiren jisim durýar. Bu oýnawaçda gapdaldaky top her gezek gapdalyndaky topa degeninde onuň impulsy hereketsiz duran toplaryň ählisiniň içinden gapdalyndaky topa geçýär. Beýleki gapdaldaky topa ýetende bolsa, ol topda ýokary göterilip, gaýtadan potensial energiýa gazanýar. Soňra bolsa, Ýeriň dartyş güýjüniň täsiri bilen aşaklygyna gaýdýar. Bu hereket birnäçe sekunt dowam edýär.
Haçan durýar?
Ýokarda hereket üznüksiz dowam etmeýär. Olaryň durmagyna howadaky we biri-birlerine degenlerindäki sürtülme täsir edýär. Topjagazlar biri-birlerine degenlerinde sürtülmäniň netijesinde ýylylyk döreýär. Ýagny topjagazlaryň üstündäki energiýanyň bir bölegi ýylylyk sebäpli ýitýär. Netijede, olar hereketlerini haýalladyp, durmaly bolýar.