Fransiýanyň çempiony PSŽ topary düzümine ýene bir oýunçyny goşdy. Köp wagtdan gyzyklanma bildirilýän portugaliýa Renato Sançes mundan soň karýerasyny PSŽ-de dowam etdirer. 2019-njy ýyldan bäri “Lill” toparynda oýnap gelýän 24 ýaşyndaky ýarymgoragçy parižliler bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. PSŽ topary Sançesiň transferi üçin “Lill” toparyna 15 million ýewro berer. Sançes 2016-njy ýylda 35 million ýewro “Benfikadan” “Bawariýa” transfer bolupdy. Ol 2019-njy ýylda-da 25 million ýewro “Lill” toparyna geçipdi. Renato Sançes geçen möwsümde 31 oýunda 1 gol geçirdi. Sançes bilen Italiýanyň “Milan” topary hem gyzyklanýardy.