Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa welaýatyň il sylagly ýaşululary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Esenguly etrabynda açylan bu döwrebap çagalar dynç alyş merkezi çagalaryň gowy dynç almaklary üçin ähli amatly şertler bilen üpjün edilipdir. Ylmyň hem-de tehnikanyň iň soňky gazananlary esasynda bina edilen dynç alyş merkezinde dynç aljak çagalara sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary, kitap okamaklary, aýdym-saz, çeper okaýyş we beýleki hereket edýän gurnaklara gatnaşmaklary, oýun oýnamaklary, sagdyn iýmitlenmekleri, mahlasy, olaryň wagtyny manyly hem-de gyzykly geçirmekleri üçin ähli oňaýly şertler göz öňünde tutulypdyr.

Ilki bilen «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň hem-de etrabyň il sylagly ýaşulularynyň çykyşlary diňlenildi. Açylyş dabarasynyň dowamynda çagalar döredijilik tans toparlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlaryna uly orun berildi. Olarda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaş nesillere döredilip berilýän örän uly mümkinçiliklere bolan hoşallyk duýgulary, ýagşy arzuw-niýetler beýan edildi.