Gar­ward uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry we belli Şeks­pi­ri öw­re­ni­ji Sti­wen Grinb­lat­ta üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň iýun aýyn­da “Hol­berg” baý­ra­gy gow­şu­ry­lar. Bu ba­ra­da baý­rak ko­mi­te­ti “Fri­daýg” mä­lim ed­ýär. 2003-nji ýyl­da nor­weg hä­ki­mi­ýet­iniň esas­lan­dy­ran “Hol­berg” baý­ra­gy sun­gat, yn­san­per­wer­lik, jem­gy­ýet­çi­lik ylym­la­ry, hu­kuk­şy­nas­lyk we yla­hy­ýet ug­run­dan bel­li bar­lag ge­çi­ri­ji­le­re be­ril­ýär. Ol ab­raý­ly de­re­je­den baş­ga-da 525 müň amerikan dol­lary möç­ber­dä­ki pul baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lar. Sti­wen Grinb­latt ýeň­şiň “Bir küý­ze al­ty­na” ba­ra­bar­ bolandygyny, ýö­ne iň mö­hüm za­dyň abraýly derejedigini aýt­dy.
“Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da dün­ýä­niň äh­li uni­wer­si­tet­le­rin­den bu baý­ra­ga 74 da­laş­gär gat­naş­dy” di­ýip, baý­rak ko­mi­te­tin­de mä­lim et­di­ler. “Hol­berg” ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy Pra­tap Bha­nu Meh­ta: – Aw­to­ryň işi Re­nes­sans we Şeks­pi­riň ede­bi­ýa­ty ba­ra­da pi­kir et­mä­ge tä­ze ýol-ýö­rel­ge­le­ri aç­ýar – di­ýip, bel­läp geç­di. “Onuň dö­re­den tä­ze usul­la­ry söz bi­len dün­ýä­niň, tekst bi­len kon­teks­tiň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­ga dü­şün­mä­ge ýar­dam ber­ýär” di­ýlip, be­ýan­na­ma­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
Grinb­latt 2004-nji ýyl­da ne­şir et­di­ren “Dün­ýä­de ýe­ne-de bo­lar­my? Şeks­pir nä­dip Şeks­pir bol­dy” di­ýen ter­ji­me­hal ese­ri üçin uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Onuň ýan­ber­mez dra­ma­turg ba­ra­da­ky bu ese­ri dün­ýä­niň 16 di­li­ne ter­ji­me edil­di. Onuň “Dün­ýä nä­dip mo­dern bol­dy” at­ly soň­ky ki­ta­by 2012-nji ýyl­da Pu­lit­ser baý­ra­gy­na we 2011-nji ýyl­da bol­sa, Mil­li ki­tap baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Ol Gar­war­da gel­mez­den ozal, 1997-nji ýyl­da Ýel uni­wer­si­te­tin­de dok­tor­lyk de­re­je­si­ni al­dy we Berk­li­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­tin­de sa­pak ber­di.