Türkiýäniň “Galatasaraý” topary düzümine 2 ýyldyz oýunçyny goşdy. Stambul şäheriniň wekili “Arsenalyň” urugwaýly ýarymgoragçysy Lukas Torreirany hem-de “Napoli” bilen şertnamasy tamamlanan belgiýaly hüjümçi Dris Mertensi transfer etdi.

Torreira ýarymgoragda işjeňligi bilen meşhurlyga eýedir.

Geçen möwsümi “Fiorentinada” kärendesine oýnan 26 ýaşyndaky Torreira öňümizdäki 4 ýylyny “Galatasaraýda” geçirer. Ol karýerasy boýunça “Sampdoriýa”, “Peskara”, “Atletiko Madrid” ýaly klublarda hem oýnady.

Mertens “Napoliniň” taryhynda iň köp gol geçiren futbolçydyr.

Belgiýaly 35 ýaşyndaky hüjümçi Dris Mertens bolsa türk topary bilen 1+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Mertens “Gent”, AGOWW, “Utreht”, PSW klublaryndan soň Italiýanyň “Napoli” toparynda 9 ýyl çykyş etdi. Ýyldyz oýunçy “Napolide” 397 oýunda 148 gol bilen italýan toparynyň iň netijeli futbolçysydyr. Mertens Belgiýanyň ýygyndysynda-da 105 oýunda 21 gezek tapawutlandy.