10-njy portugaliýaly futbolçyny-da transfer etdi

170

Ispaniýanyň “Walensiýa” toparynda çykyş edýän portugaliýaly ýyldyz oýunçy Gonsalo Gedeş mundan soň karýerasyny “Premier Ligada” dowam etdirer. Ol Angliýanyň “Wulwerhempton” toparynyň düzümine goşuldy. Möjekler 25 ýaşly ýarymgoragçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Iňlis kluby Gedeşiň transferi üçin “Walensiýa” toparyna 32 million ýewro berer. Goşmaçalar bilen bu mukdaryň köpelmegi hem mümkin. Gedeş täze klubunda 17-nji belgili köýnekçäni geýer. “Benfikada” futbola başlan Gedeş PSŽ-de ýarym möwsüm çykyş edeninden soň 2017-nji ýylda “Walensiýa” geçipdi. Ol ispan klubunda 5 möwsümde 178 oýunda 36 gol geçirdi. Gedeş “Wulwerhempton” toparyndaky 10-njy portugal futbolçy boldy.