Russiýada Amur gaplaňlarynyň sany 600-den geçip, ýyrtyjylaryň takyk sany sentýabr aýynda belli bolar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň tebigy baýlyklar we ekologiýa ministri Aleksandr Kozlow aýtdy.

A.Kozlowyň aýtmagyna görä, şu ýyl Primorye, Amur, Habarowsk we Ýewreý awtonom sebitlerindäki Amur gaplaňlarynyň ýaşaýan ýerlerinde bu ýyrtyjylar hasaba alyndy. Häzirki wagtda ýygnalan maglumatlar sanalyp, takyk sanlar güýzde yglan ediler. Elbetde, maglumatlar 2015-nji ýyldaky görkezijilerden has ýokary bolup, şol ýyl gaplaňlaryň sany 540-a deňdi. 

A.Kozlowyň pikiriçe, ilkinji gezek Amur sebitinde gaplaňlaryň sany köpeldilip, Primorskiý ülkesindäki Bikin, Alajagaplaňlaryň mekany we Zow gaplaňy ýaly milli seýilgählerinde bu ýyrtyjylaryň sany artdyryldy. Russiýa dünýäde Amur gaplaňlarynyň iň köp jemlenen ýeridir. Olaryň has köp ýaşaýan ýeri Habarowsk we Primorskiý ülkelerindäki Sihote-Alin dag gerişleridir. Bu ýerde Amur gaplaňlarynyň ýaşaýan 12 sany goralýan tebigy ýerleri bar. Olaryň iň ulusy Bikin milli seýilgähidir. Amur gaplaňlary, Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen dünýäniň iň seýrek ýyrtyjylaryň biridir.