10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde
ýerleşýän Harby-deňiz Güýçleriniň «Garşy» deňiz birikmesine bardy we
«deňiz han» atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.
Ir bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Ser­ker­de­ba­şy­sy di­ku­çar­da wa­ka­nyň geç­ýän ýe­ri­ne gel­di. Bu ýer­de hormatly Prezidentimizi har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.
Go­ran­mak mi­nist­ri, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry B.Gün­dog­dy­ýew döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za ýur­du­my­zyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň «De­ňiz han» at­ly kor­wet ky­sym­ly har­by gä­mi­si­niň ta­nyş­dy­ry­ly­şa taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­ýär.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, aw­tou­lag­da gä­mi du­ral­ga­sy­na ta­rap ug­ra­dy.

Sö­weş­jeň gä­mi ta­nyş­dy­ryl­dy
«Gar­şy» de­ňiz bi­rik­me­si­niň mun­dan bir ýyl ozal Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu har­by bi­rik­me­de har­by gä­mi­ler üçin du­ral­ga göz öňün­de tu­tu­lan­dyr, bu ýer­de ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň gä­mi­le­ri abat­la­ýyş kär­ha­na­syn­da gur­lan «De­ňiz han» at­ly kor­wet ky­sym­ly har­by gä­mi hem bar.
Gä­mi­niň ser­ker­de­si ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­na sö­weş­jeň gä­mi bi­len ta­nyş­ly­ga taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let baý­da­gy­ny hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň baý­da­gy­ny gal­dyr­ma­ga rug­sat ber­me­gi ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar, onuň owa­zy as­tyn­da Döw­let baý­da­gy we Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň baý­da­gy gal­dy­ryl­ýar.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu hä­zir­ki za­man gä­mi­si­niň sö­weş­jeň müm­kin­çi­lik­le­ri, teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry hem-de gur­lu­şy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, bö­lüm­le­ri­niň iş­le­ýiş usul­la­ry bi­len ta­nyş­dy. «De­ňiz han» gä­mi­si gar­şy­da­şyň su­was­ty hem-de su­wüs­ti sö­weş­jeň gä­mi­le­ri­ni, gu­ry­ýer we ho­wa ny­şan­la­ry­ny ýe­ke­lik­de hem-de gä­mi ur­gy to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de ýok et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Şol bir wagt­da ol gar­şy­da­şyň gä­mi to­par­la­ry­ny, de­sant otr­ýad­la­ry­ny ýok et­mek, öz güýç­le­ri­mi­zi pe­na­la­mak, top­lum­la­ýyn aň­taw iş­le­ri­ni alyp bar­mak, su­wüs­ti we su­was­ty gi­ňiş­li­ge gö­zeg­çi­lik et­mek ýa­ly we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şeý­le hem de­ňiz­de döw­let ser­he­di­ni go­ra­mak, gä­mi gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek we ha­las ediş iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýar.
Gä­mi­niň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň dün­ýä­niň bir­nä­çe ýurt­la­ryn­da, hu­su­san-da, Ita­li­ýa­da, Ger­ma­ni­ýa­da, Tür­ki­ýe­de we beý­le­ki döw­let­ler­de ýö­ri­te okuw­la­ry ge­çen­dik­le­ri­ni hem-de hü­när de­re­je­le­ri­ni ýo­kar­lan­dy­ran­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek. Gä­mi­de şeý­le hem ser­ker­de­le­riň we de­ňiz­çi­le­riň ne­ti­je­li gul­luk et­mek­le­ri hem-de göw­ne­jaý dynç al­mak­la­ry üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.

Gä­mi­le­riň he­re­ke­ti­ne gö­zeg­çi­lik ama­la aşy­ryl­ýar
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz har­by bi­rik­mä­niň do­lan­dy­ryş bi­na­sy­na ba­ryp, des­sin no­bat­çy­la­ryň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan iş no­ka­dy­nyň we­zi­pe­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy. Bu ýer­de gul­luk ed­ýän ser­ker­de­le­riň bi­ri Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysyny do­lan­dy­ryş no­ka­dy­nyň işi, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­le­ri we müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy.
Bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar we san­ly ul­gam, elekt­ron kar­ta, şeý­le hem ýur­du­my­zyň Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň ser­ker­de­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan mag­lu­mat-do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň ýö­ri­te prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi Ha­zar deň­zi­niň gi­ňiş­li­gin­de ýo­lag­çy we har­by gä­mi­le­riň he­re­ke­ti­ne gö­zeg­çi­li­gi ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mu­nuň üçin deň­ziň ke­nar­ýa­ka bö­le­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mä­ge ni­ýet­le­nen ra­dio­lo­ka­si­ýa en­ja­my, şeý­le hem Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň sö­weş­jeň gä­mi­le­rin­de gur­na­lan teh­ni­ki top­lum­lar peý­da­la­nyl­ýar.
San­ly ul­gam hem-de ara­gat­na­şyk hem­ra ul­ga­my ar­ka­ly gä­mi­le­riň ýer­leş­ýän ýe­ri, ola­ryň ýan­gyç we suw bi­len üp­jün­çi­lik de­re­je­si kes­git­le­nil­ýär. Mu­nuň özi do­lan­dy­ryş no­ka­dyn­dan har­by gä­mi­ler bi­len he­mi­şe­lik ara­gat­na­şy­gy sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Top­la­ny­lan mag­lu­mat­lar do­lan­dy­ryş bö­lü­min­de ýyg­nal­ýar we sel­je­ril­ýär. Bu ýer­de gur­na­lan en­jam­lar esa­sy we­zi­pe-borç­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär hem-de des­sin mag­lu­mat­la­ry ze­rur bo­lan ýe­ri­ne iber­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Da­ba­ra­ly har­by-de­ňiz ýö­ri­şi
Do­lan­dy­ryş no­ka­dy bi­len ta­nyş­lyk ma­ha­lyn­da «De­ňiz han» gä­mi­si­niň ser­ker­de­si gö­ni ýaý­ly­ma çy­kyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze da­ba­ra­ly har­by-de­ňiz ýö­ri­şi­ne baş­la­ma­ga rug­sat ber­mek ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe baş­la­ma­ga rug­sat ber­ýär. On­da Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň, Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň dür­li ky­sym­ly gä­mi­le­ri, sö­weş­jeň ka­ter­le­ri hem-de ga­ýyk­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ýur­du­my­zyň umu­my uzyn­ly­gy 600 ki­lo­met­re deň bo­lan de­ňiz çäk­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny hem-de el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da eser­deň dur­ýar­lar.
Da­ba­ra­ly ýö­ri­şi «Ar­ka­dag» at­ly ser­het go­rag ka­te­ri aç­ýar, ol Wa­ta­ny­my­zyň de­ňiz ser­het­le­ri­ni go­ra­mak­da özü­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny gör­kez­di. Onuň yzy bi­len Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň esa­sy ur­gy güý­ji bo­lup dur­ýan, iň hä­zir­ki za­man ýa­rag­lar bi­len üp­jün edi­len hem-de gar­şy­da­şyň su­wüs­ti we pes­den uç­ýan ho­wa ny­şan­la­ry­ny, de­sant to­pa­ry­ny ha­tar­dan çy­kar­ma­ga hem-de döw­le­ti­mi­ziň de­ňiz ser­het­le­ri­ni yg­ty­bar­ly go­ra­ma­ga ni­ýet­le­nen «Eder­men» we «Gaý­rat­ly» ra­ke­ta gä­mi­le­ri geç­ýär­ler.

Soň­ra gä­mi­le­ri ýan­gyç, agyz su­wy, azyk we beý­le­ki se­riş­de­ler, en­jam­lar bi­len üp­jün et­mek, ha­las ediş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek, he­läk­çi­li­ge uç­ran gä­mi­niň şah­sy dü­zü­mi­ni ha­las et­mek ýa­ly we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň «Eser­deň» at­ly 60 metr ulu­lyk­da­ky tir­keg-üp­jün­çi­lik gä­mi­si geç­di.
Da­ba­ra­ly ýö­ri­şi dür­li ky­sym­ly go­rag gä­mi­le­ri do­wam et­di­ler. Ola­ryň ha­ta­ryn­da «Gal­kan» tas­la­ma­ly «Al­gyr» we «Han­jar» go­rag gä­mi­le­ri, «Asu­da», «Mer­gen», «Hüş­gär» we «Syn­maz» ser­het go­rag gä­mi­le­ri, şeý­le hem Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky «Sak­çy» tas­la­ma­ly «Naý­za», «Kä­mil», «Gal­jaň» we «Gap­laň» gä­mi­le­ri bar. Bu gä­mi­ler gar­şy­da­şyň su­was­ty, su­wüs­ti we ho­wa ny­şan­la­ry­na gar­şy gö­reş­mek, şeý­le hem göz­leg-ha­las ediş iş­le­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin ni­ýet­le­nen­dir. Şeý­le hem olar Wa­ta­ny­my­zyň de­ňiz gi­ňiş­li­gin­dä­ki ser­het­le­riň go­ra­gyn­da eser­deň dur­mak bi­len, aň­taw iş­le­ri­ni alyp bar­ma­ga we su­wüs­ti gi­ňiş­li­ge gö­zeg­çi­lik et­mä­ge ukyp­ly­dyr.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysyna ýö­ri­şiň do­wa­myn­da «Um­man» gid­rog­ra­fik gä­mi­si gör­ke­zil­di, ol Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de gä­mi­le­riň ýü­zü­şi­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin de­ňiz­de gid­rog­ra­fik we okea­nog­ra­fik iş­le­ri ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. De­ňiz­de ba­ti­met­ri­ki öl­çeg, de­ňiz düý­bü­niň gur­lu­şy­ny bar­la­mak, su­was­ty wi­deo we fo­to ýaz­gy et­mek, su­wuň dü­zü­mi­ni öw­ren­mek hem bu gä­mi­niň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­le­ri­dir.
Soň­ra da­ba­ra­ly ýö­riş­den Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň «Gu­jur­ly» we Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň «Zarp­ly» tir­keg gä­mi­le­ri geç­ýär, olar de­ňiz­de ha­las ediş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, ýan­gy­na gar­şy gö­reş­mek, gä­mi­le­ri çek­mek we it­mek hem-de ola­ryň he­re­ket­le­ri­ne gol­daw ber­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň «Kuw­wat­ly» at­ly ýük gä­mi­si we Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň «Berka­rar» at­ly de­sant ka­te­ri har­by ýö­ri­şi do­wam et­dir­ýär­ler. Bu gä­mi­ler ýö­ri­te mak­sat­ly to­par­la­ry, de­sant­la­ry hem-de sö­weş teh­ni­ka­la­ry­ny dü­şür­mek, ke­nar­dan-ke­na­ra alyp git­mek we ge­tir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir.
Şu göz­den ge­çi­ri­li­şe «Asu­da» at­ly gid­rog­ra­fik gä­mi hem gat­naş­dy. Bu gä­mi de­ňiz çuň­lu­gy­nyň te­bi­gy rel­ýe­fi­ni öw­ren­mäge, gä­mi­le­riň he­re­ke­ti üçin deň­ziň çuň­lu­gy­ny öl­çe­mäge hem-de su­was­ty mag­lu­mat­la­ry top­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.
Onuň yzy bi­len Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň «TG-12 Bars» tas­la­ma­ly üç sa­ny ser­het go­rag ka­te­ri geç­ýär. Bu gä­mi­ler içer­ki suw­lar­da gä­mi­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek, go­rag we göz­leg-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.
Soň­ra Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň de­ňiz­de gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän «Mas­ter-651» ky­sym­ly dört pat­rul ka­te­ri, Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň «Zo­diac» ky­sym­ly çalt he­re­ket ed­ýän sö­weş­jeň ga­ýyk­la­ry, şeý­le hem Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň «Dahl 20» ky­sym­ly as­ma mo­tor­ly sö­weş ga­ýyk­la­ry gö­ni ýaý­lym­da mo­ni­tor­lar­da peý­da bol­ýar.
Deň­ze çy­kal­ga­sy bo­lan is­len­dik döw­let ýa­ly, bi­ziň ýur­du­my­zyň hem öz de­ňiz ser­het­le­ri­ni go­ra­mak, pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy üp­jün et­mek üçin sö­weş­jeň har­by gä­mi­le­ri bar. Bu gä­mi­le­riň Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly se­ne­si – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li 2021-nji ýy­lyň güý­zün­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gat­na­şan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li de­ňiz flo­tu­nyň Ha­zar deň­zin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­ly ýö­ri­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, döw­le­ti­mi­ziň gel­jek­de hem Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, har­by de­ňiz­çi­le­riň hü­när us­sat­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň de­ňiz ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ra­gy­nyň we el­deg­ril­me­siz­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­jek­di­gi­ni bel­le­di. Go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri bu ky­sym­ly go­şun­la­ryň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň mu­kad­des bor­jy bo­lup dur­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Har­by-De­ňiz Güýç­le­ri­niň ser­ker­de­le­ri­niň hem-de de­ňiz­çi­le­ri­niň öz üst­le­ri­ne ýük­le­nen jo­gap­kär­li hem-de asyl­ly we­zi­pä­ni my­na­syp de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­jek­dik­le­ri­ne berk ynam bil­di­rip, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Belent Serkerdebaşysy har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.