Garpyz diňe bir ýokumly bakja önümi bolman, eýsem, bejerijilik häsiýetiniň barlygyndan köpleriň habarsyz bolmagy hem mümkin. Onuň düzüminde РР, С, D, В1, В2 we В6 ýaly dürli witaminler, karotoin, demir duzlary, mis, fosfor, kaliý, kalsiý, sink, foliew kislotasy bar. Garpyzdaky ähli mikroelementler we witaminler bagryň alyş-çalyş prosesini, ödüň işini sazlap, daş ýygnamagynyň we sklerozyň öňüni alýar. Şonuň üçin ol sary getirmede we öt haltajygynyň çişip, ýollarynyň ýapylmasynda peýdalanylýar. Düzümindäki foliew kislotasy gan öndürmäge we bedeniň birnäçe biohimik reaksiýalaryna gatnaşýar. Şonuň üçin ganazlykda garpyz iýmek maslahat berilýär. Şeýle hem gipertoniýa, ýürek-damar kesellerinde, bogun agyrylarynda garpyz iýmek peýdalydyr. Garpyz – buşukdyryjy serişde bolup, böwrekdäki, peşew haltasyndaky we onuň ýollaryndaky daşlardan arassalaýar.

Garpyz içegäniň ýygrylmagynyň öňüni alyp, onuň mikroflorasyny has-da gowulaşdyrýar. Garpyz düwnük öýjükleri bilen göreşde aýratyn ähmiýete eýe bolup, görşüňi has-da ýitileşdirýär. Garpyzyň çigidinde magniý, demir, margenes, kalsiý, А, В, С witaminleri we 25-30 göterim ýag bar. Garpyz ýagynyň düzümindäki sink, selen bolsa, peşew mäzleriniň işini kadalaşdyryp, sowuklamanyň öňüni alýar. Garpyz çigidi ýady güýçlendirýär, böwregiň, ödüň işini sazlap, gan basyşyny peseldýär.