Ýer ýüzünde janly-jandarlaryň müňlerçe görnüşi bolup, ýaşaýyş şerti, daşky alamatlary hem-de ýaýraýyş gerimi bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Dünýäniň iň köp adaly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Indoneziýada jandarlaryň we ösümlikleriň ýüzlerçe görnüşi bolup, olaryň köpüsi endemikdir. Şeýle jandarlaryň biri hem Indoneziýanyň Komodo, Rinça, Flores hem-de Gili-Motang adalarynda ýaşaýan, dünýäniň iň uly süýrenijisi hasaplanýan Komodo aždarhasydyr. Muňa başgaça «gury ýer krokodili» hem diýilýär.
Ýaşaýyş özboluşlylygy
Göreniňde endamyňy tikenekledýän bu süýrenijiniň uzynlygy 3 metre, agramy 130 kilograma çenli bolup bilýär. Komodo aždarhasyna düzlüklerde, sawannalarda we pes belentlikdäki tropik tokaýlarda duş gelmek bolýar. Olar ýekeleýin ýaşaýarlar, ýekelikde aw edýärler we diňe ýylyň belli bir döwründe ýygnanýarlar. Bu möwsüm maý aýyndan awgust aýy aralygynda bolup geçýär. Kiçijik aždarhanyň ulalyp ýetişmegi üçin 8-9 ýyl gerek bolup, ömri 30 ýyl töweregidir.
Ululygyna garamazdan bu süýrenijiler bedeniniň çeýe gurluşy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň hereketiniň tizligi sagatda 20 kilometre ýetip bilýär. Ýokary tizlikde hereket etmeginiň sebäbi hem diliniň aşagynda öýkenine kislorod berýän ýörite nasosynyň bolmagydyr. Bu ýagdaý olaryň aerob kuwwatyny we çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Olar beýikde duran iýmitini almak üçin yzky aýaklaryna dikelip, guýrugyny direg hökmünde ulanyp, hatda böküp hem bilýärler. Bu ýagdaýa köplenç animasiýa eserlerinde duş gelmek bolýar.
Komodo aždarhalarynyň uzyn, egri we ýiti dyrnaklary bolup, penjeleri bilen 1 metrden 5 metre çenli uzynlykdaky gaçybatalgalary gazyp bilýärler. Olar agaçlaryň köweklerini hem gaçybatalga hökmünde ulanýarlar.
Daşyndan göräýmäge elhenç sesi bar ýaly görünse-de, uzakdan eşidilmeýän gykylyga meňzeş sesi bolan bu jandarlar muny howp abananda ýa-da gaharlananda daşyna çykarýarlar.
Komodo aždarhasy ýylyň yssy möwsüminde kenary suw bilen örtülen jeňňellere göçýär. Köplenç, kenara aw gözlemek üçin çykýan, ýüzmäge ukyply bolan bu süýrenijiler ep-esli suwdan geçip, goňşy adalara hem barýarlar. Olaryň uzyn gaýçyguýruk dili bar. Ys alşy ösen derejede bolup, iýmitiň ysyny 4-5,5 kilometr uzaklykdan duýup bilýärler. Ululygyna we ýaşyna baglylykda dürli görnüşli iýmitler: mör-möjekler, ýylanlar, guşlar, balyklar, suw pyşbagasy, gemrijiler, meýdana goýberilen öý haýwanlary bilen iýmitlenýärler.
Adam üçin howply däl
Daşyndan howply görünýändigine garamazdan, adama zyýansyz hasaplanýan komodo aždarhasyny ilkinji gezek günbatarly alymlar 1910-njy ýylda görüpdirler. Ýewropa getirilen ilkinji iki sany Komodo aždarhasy 1927-nji ýylda London haýwanat bagynda görkezilýär. Şondan soň olar tanalyp başlanýar. Häzirki wagtda sanynyň azalýandygy sebäpli, Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik (IUCN) tarapyndan goralýan bu jandarlaryň ýaşaýan adalaryna ýörite gezelençler guralýar.