Mal­diw Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Ma­le şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky um­ma­nyň ýü­zün­de gu­rul­ýan tä­ze şä­her­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň ýüz­ler­çe­si bi­na edi­lip, olar­da 20 müň­den gow­rak adam ýa­şar. On ýyl­dan bä­ri me­ýil­leş­di­ril­ýän şä­her ahyr­so­ňy ke­ma­la ge­lip baş­la­dy. Ýa­şaý­jy­lar 2024-nji ýyl­dan baş­lap bu ada gö­çüp ge­ler­ler we onuň gur­lu­şy­gy 2027-nji ýy­la çen­li do­ly ta­mam­la­nar. Ýüz­ýän şä­he­riň çäk­le­rin­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän myh­man­ha­na­la­ry, gar­ba­nyş­ha­na­la­ry we gä­mi du­ral­ga­la­ry­ny gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ol öz­bo­luş­ly ýüz­ýän des­ga­la­ryň bir­nä­çe­sin­den yba­rat bo­lup, ada şe­ki­lin­de dö­re­di­len il­kin­ji şä­her bo­lar.
Mal­diw Res­pub­li­ka­sy bu şä­he­ri gur­mak üçin «Dutch Docklands» kom­pa­ni­ýa­sy we «Wa­ters­tu­dio» bi­na­gär­lik fir­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ýüz­ýän şä­he­riň tas­la­ma­sy dü­zü­len­de eko­lo­gi­ýa ýag­daý­lar, has ta­ky­gy, äh­lu­mu­my maý­la­ma bi­len bag­ly­lyk­da, deň­ziň su­wu­nyň de­re­je­si­niň ýo­kar­la­nan ha­la­tyn­da ýü­ze çyk­jak ýag­daý­lar hem göz öňün­de tu­tul­dy. Çün­ki Mal­diw ada­la­ry­nyň 80 gö­te­ri­mi de­ňiz de­re­je­sin­den bir metr­den ýo­ka­ry bol­ma­dyk be­ýik­lik­de ýer­leş­ýär.
Şä­he­riň tas­la­ma­sy­ny dü­zen in­že­ner­ler köp san­ly me­se­le­le­ri, şol san­da howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek me­se­le­si­ni hem çöz­me­li bol­du­lar. Mu­nuň özi şeý­le uly möç­ber­li ýüz­ýän des­ga­la­ry gur­mak­da has-da mö­hüm­dir. «Şun­da il­ki­baş­da äh­li za­dy, şol san­da, tol­kun­la­ryň güý­jü­ni, adat­dan da­şa­ry ho­wa ýag­daý­la­ry­ny, gel­jek 100 ýyl üçin deň­ziň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny göz öňün­de tut­mak ze­rur­dyr» diý­lip, «Wa­ters­tu­dio» fir­ma­sy­nyň saý­tyn­da bel­le­nil­ýär.
Ýüz­ýän şä­her­de esa­sy ulag se­riş­de­si­niň ga­ýyk­lar bol­jak­dy­gy se­bäp­li, şä­he­riň için­de köp san­ly ugur­lar bo­lar. Şä­her­de di­ňe we­lo­si­ped­ler, bag­gi gör­nüş­li ki­çi­jek ulag­lar we sku­ter­ler sür­ler. Ýüz­ýän şä­he­riň jaý­la­ry­nyň il­kin­ji­si ýa­kyn gün­ler­de sat­ly­ga çy­ka­ryl­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.