«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň halkara maslahaty durnukly ösüş üçin ulag ulgamyny maliýeleşdirmek, bu ugurda geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemek boýunça özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi. Biz hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar baradaky gysgajyk maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Dürli geografik aýratynlyklaryň ýurduň ykdysady ösüşine täsiri barada şotland ykdysadyýetçisi Adam Smitiň «Milletleriň baýlygy» atly meşhur eserinde beýan edilipdir. Alym haýsydyr bir döwletiň üstünlik gazanmagy we abadançylygy üçin iň möhüm şert hökmünde deňze çykalgasynyň bolmalydygyny belläp geçýär.
Elbetde, 1776-njy ýyldan (Smitiň kitaby çykandan) bäri dünýäde köp zat üýtgedi. Ulag ulgamynda uly ösüşler gazanyldy, demir ýollary we turbageçirijiler peýda boldy. Şeýle-de bolsa, çig malyň we harytlaryň ummanyň üstünden daşalmagy dünýä söwdasynda henizem aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin deňze çykalgasy bolan ýurtlar dünýä bazaryna gös-göni aralaşyp bilýärler. Bu ugurda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler birnäçe ykdysady we ulag meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Häzirki wagtda dünýäniň 43 ýurdy deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerdir. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar, esasan, üç yklymda – Afrikada, Ýewraziýada we Günorta Amerikada ýerleşýär. Demirgazyk Amerikada deňze çykalgasy bolmadyk döwlet ýok. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň köpüsi Afrikada (16) we Ýewropada (14). Awstraliýa yklymynyň çäkleri bolsa tutuşlygyna şol bir ýurdy emele getirýär.
Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyzystan ýaly döwletler Ýewraziýanyň suwsuz sebitinde ýerleşýärler. Dünýäde deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasynda tutýan meýdany boýunça iň ulusy Gazagystan, ilat sany boýunça Efiopiýa hasaplanýar. Bu Afrika ýurdunda 90 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Şeýlelik bilen, Lihtenşteýn we Özbegistan ähli tarapdan deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen gurşalandyr.
Ýewropanyň çäginde hem şeýle 14 döwlet bar. Şeýlelik bilen, Ýewropanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarynyň arasynda: Kiçi döwletler (Andorra, Watikan, Lýuksemburg, Lihtenşteýn we San Marino), Merkezi-Gündogar Ýewropa ýurtlary (Awstriýa, Çehiýa, Slowakiýa, Şweýsariýa, Wengriýa), Balkan döwletleri (Serbiýa we Demirgazyk Makedoniýa) hem-de Belarus we Moldowa bar.
Ýewropada deňze çykalgasy bolmadyk döwletiň nusgawy mysaly Moldowa Respublikasydyr. Bu ýurt iki goňşy döwletiň arasynda ýerleşýär. Rumyniýa (günbatardan) bilen Ukrainanyň (demirgazykdan we gündogardan) arasynda ýerleşýän bu ýurt Gara deňziň kenaryndan bary-ýogy kyrk kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýär.
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan esasy meselesi, harytlaryny dünýä bazarlaryna ýetirmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan kynçylykdyr. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, şeýle ýurtdan ýük daşamak üçin çykdajylar, kenarýaka döwletlerden ýük daşamakdan iki esse köpdür. Şeýle-de, ulag çykdajylary köplenç sarp edijiler üçin harytlaryň bahasynda we bäsdeşlige ukyplylygynda öz beýanyny tapýar.
BMG-niň Deňiz kanuny baradaky Konwensiýasynyň onunjy bölümi islendik ýurduň deňze çykmagyny kepillendirýär. Eýsem, ol nähili berjaý edilýär? Üstaşyr gatnawyna rugsat berýän ýörite döwletara şertnamalary baglaşmak bilen. Şol sebäpli, mysal üçin, Polşanyň Şesin portunda ýekeje-de deňizýaka şäheri bolmadyk Çehiýanyň baýdagy pasyrdaýan gämini görüp bilersiňiz. Şol bir wagtyň özünde, deňizdäki ähli içerki yklymyň gämileri beýleki gämiler bilen deň hukuklara eýedir.
Taryhy wakalar
Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu, aýratyn hem, deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň çäklerine degişlidir. Şunuň bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýyldaky ýörite Kararnamasy bilen döredilen ýöriteleşdirilen edarasy hereket edýär, ol latyn elipbiýinde gysgaldylyp, UN-OHRLLS diýlip atlandyrylýar we oňa BMG-niň Ýokary wekili ýolbaşçylyk edýär.
2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň we üstaşyr geçelge hasaplanýan ösüp barýan döwletleriň, maliýeleşdirmek hem-de ösüş meseleleri bilen meşgullanýan edaralaryň halkara maslahatynda Hereketleriň Almaty maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol täze ählumumy çäklerde üstaşyr geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekde döwletleriň ýörite talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Şeýle-de bu maksatnama üstaşyr ulag geçirijileriniň amallaryny düzgünleşdirmek, demir ýol torlarynyň hyzmatdaşlygyny goldamak, özara haryt dolanyşygyna goldaw bermek ugurlarynyň hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir. Ol deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda esas bolup, 2003–2013-nji ýyllarda hereket etdi. 2014–2024-nji ýyllar üçin kabul edilen Hereketleriň Wena maksatnamasy bolsa agzalan resminamanyň logiki dowamy bolup durýar. Ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-sinde amala aşyrylýar.
2016-njy ýylyň 13-14-nji oktýabrynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ulag ulgamy boýunça ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Boliwiýa döwletiniň Santa-Krus şäherinde geçirildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk bilen bagly Kararnamalaryň dördüsi kabul edildi. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi.
Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty hem Aşgabat duşuşygynyň özboluşly dowamy bolup, oňa degişli döwletleriň ulag ministrleri, halkara guramalaryň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen bu forum ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli, özara ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak üçin nobatdaky amatly mümkinçilikdir.