Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi halkara derejeli milli sosial ulgamyny we messenjerini döretmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Oňa gatnaşyjylara şeýle taslamany işläp düzmek üçin bir ýyl möhlet berildi. Mundan öň hem ýurtda birnäçe milli sosial ulgamyň hereket edýändigi bellenilýär.