Germaniýa geljegiň arassa ýangyç çeşmelerini öndürmekde dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Giň demir ýol şahalary bolan ýurtda birnäçe ýyldan bäri wodorod ýangyçly otlular işlenip taýýarlanýar. Wodorod ýangyjy bilen işleýän 14 otly taýýar edilip, olaryň bäşisi Aşaky Saksoniýa welaýatynyň Bremerförde şäherinde ýolagçy gatnawyny amala aşyryp başlady. Beýleki otlularyň hem ýylyň ahyryna çenli işe giriziljekdigi mälim edildi. Şeýlelikde howany hapalamaýan otlular 15 sany dizel motorly otlynyň ornuna ulanylar. Aşagy Saksoniýa welaýatynyň häkimi Stefan Weýl bu taslamanyň “ýaşyl” ykdysadyýet bilen bagly tagallalarynyň iň gowy mysalydygyny aýtdy.
Wodorodyň 1 kilogramy 4,5 kilogram dizel ýangyjyna deňeçer güýç öndürýär. Hereketlendirijiniň tüsseçykaryndan hapa gazyň deregine diňe bug çykýar. Şeýle hem wodorod ýangyjy bilen işleýän otly galmagalsyz bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Sagatdaky tizligi 140 kilometre ýetýän otly bir gezek ýangyçdan doldurylanda 1000 kilometr ýol geçip bilýär. Bu bolsa iş gününiň ahyryna çenli ýetýär. Şeýle-de bolsa demir ýoluň ugrunda ýangyç guýujy beketler hem gurlupdyr. Ýolagçy otlulary sagatda 80-120 kilometr tizlik bilen hereket eder.
Otlularda peýdalanylýan wodorod häzirki wagtda başga bir önüm öndürýän himiki zawodda goşmaça önüm hökmünde öndürilýär. Emma demir ulaglaryna eýeçilik edýän “Linde” kompaniýasy geljek üç ýylyň dowamynda diňe arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanyp, wodorod öndürýän aýratyn zawody gurmagy meýilleşdirýär.
Mundan soňra ýurduň Frankfurt şäherinde hem wodorod ýangyçly otlular ulanylar. Şäheriň çäginde peýdalanmak maksady bilen 27 otly sargyt edilipdir. Soňra bolsa, Italiýanyň demirgazygyndaky Lombardiýa sebitinde 6, Fransiýanyň dört sebitinde jemi 12 otlynyň hyzmata hödürlenmegine garaşylýar. Fransiýada ilkinji wodorod ýangyçly otly geçen ýyl synagdan geçirilipdi.
Wodorod ýangyçly otlyny işläp taýýarlamaga 2018-nji ýylda girişilipdi. Germaniýada elektrik energiýasy çekilmedik demir ýol ugurlarynda häzirki wagtda 4 müň otly hereket edýär. Olaryň aglabasy dizel ýangyjy bilen işleýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Dünýäde wodorod bilen işleýän ilkinji otly ýolagçy gatnawyny amala aşyryp başlady