Ýewropanyň senagat taýdan ösen ýurdy bolan Germaniýa bilen Kanadanyň arasynda wodorod ýangyjyny üpjün etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şertnama laýyklykda, Atlantik ummanynyň iki tarapynda wodorod üpjünçiligi üçin «zynjyr» emele getiriler. Ilkinji wodorod ýene-de üç ýyldan goýberilip başlanar. Kanadanyň Nýufaundlend adasyndaky Stiwenwill port şäherinde geçirilen duşuşykda Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen Kanadanyň Premýer-ministri bu ylalaşyga gol çekdiler. Kanada baý ýerasty energiýa çeşmelerine eýe.
Bilelikde taýýarlanjak «wodorod ykdysadyýeti» ylalaşygyna görä, Kanadanyň bir kompaniýasy ýel bekediniň öndüren energiýasyndan peýdalanyp, eksport maksatly wodorod we ammiak öndürer.
Şeýle hem Kanadanyň hökümeti bilen «Volkswagen» hem-de «Mercedes-Benz» kompaniýalarynyň arasynda elektroulag batareýalarynyň önümçiliginde ulanylýan çig mala elýeterliligi üpjün etmek üçin aýratynlykda şertnamalara gol çekildi. Bu ylalaşyga görä, Kanadadan kobalt, grafit, nikel we litiý alnar.