Dünýäniň iň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň biri bolan Beýik hytaý diwarynda rejeleýiş işlerine girişildi. Hünärmenler häzirki wagtda taryhy diwaryň paýtagt Pekindäki Szýankou atly böleginde iş alyp barýarlar. Huaýžou sebitinde ýerleşýän diwar galyndylarynyň
1 müň 678 metrlik böleginde 8 synlaýyş nokady bar. Hünärmenler taryhy ýadygärligiň ozalky durkuny mümkin boldugyça üýtgetmezden rejelemegi maksat edinýärler. Rejelemek işleri oktýabryň ahyrynda tamamlanar.
Dürli döwürlerde gurlan Beýik hytaý diwarynyň umumy uzynlygy 21 müň 196 kilometre ýetýär. Onuň 8 müň 850 kilometrlik bölegi has gowy saklanyp galypdyr.