Italiýanyň günortasyndaky Bazilikata sebitiniň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary energiýa kompaniýalary bilen şertnama baglaşyp, ýaşaýyş jaýlarynda ulanylýan tebigy gazyň tölegsiz hödürlenmegi babatda ylalaşyk gazandy. Sebitiň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary ýurtda energiýanyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen ýaşaýjylara goldaw bermegiň aladasyny edýärler. Munuň üçin ýerli häkimiýet ENI, “Total” we “Shell” kompaniýalary bilen ylalaşyk gazandy. Sebit ýurduň çig nebit we metan gazy önümçiliginde öňdeligi eýeleýär. Köp ýyllardan bäri ýerasty energiýa serişdelerini çykarmak üçin tebigata ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin şeýle netijä gelnipdir. Sarp edilen gazyň diňe paýlanmagy we ýerine ýetirilen hyzmaty üçin töleg alnar. Tölegsiz gazdan 110 müň töweregi hojalyk peýdalanar. Sebitiň ýerli mejlisiniň alan kararyna laýyklykda 2029-njy ýyla çenli 200 million kub metr gazyň halka muzdsuz berilmegi göz öňünde tutulýar. Bu ýeňillik edara-kärhanalara hem-de bir adamyň ikinji öýi üçin degişli bolmaz.
Bazilikata sebitiniň administrasiýasy bu ýeňilligiň ilatyň artmagyna hem oňyn täsiriniň bolmagyna garaşýar. Mejlisde alnan kararda “Energiýa ýetmezçiliginiň oňaýsyz täsirini azaltmak we sebitiň ilatynyň gaýtadan artmagyna goldaw bermek” maksady bilen şeýle netijä gelnendigi bellenilýär.