“Türkmenistan” awiakompaniýasy Germaniýanyň Frankfurt şäherine yzygiderli uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýdy. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň sorag-jogap gullugy habar berdi.
Uçar gatnawlary her hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat ugry boýunça ýerine ýetiriler. Berlen maglumata görä, awiapetekler Aşgabadyň awiakassalarynda satylar.
Türkmenistandan Germaniýa awiapetegiň bahasy 5705 manat, Germaniýadan Türkmenistana bolsa 6070 manat.
Ýolagçy gatnawlary koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler sebäpli 2 ýyldan gowrak wagtdan soňra täzeden dikeldildi. Mundan ozal “Türkmenistan” awiakompaniýasy Dubaý, Kazan we Moskwa şäherlerine hem awiagatnawlary dikeldipdi.