Farap etrabynyň ýaşaýjysy Bahramjan Reýimow 1 gektara golaý meýdanda Afrikanyň mermer lakgasyny köpeltmek bilen meşgullanýar. Olar 24 sany ýapyk howuzlarda ösdürilýän we olaryň hersinde bir tonna balyk ýetişýär.
Telekeçi bu işe 2020-nji ýyldana bäri alyp barýar. Her möwsümde 2 tonna balyk söwda nokatlaryna ugradylýar. Balygyň bu görnüşiniň satuw agramyna ýetmegi, ýagny, agramynyň 1,5 kilograma ýetmegi üçin 6 aý gerek bolýar. Ol geljekde açyk howuzlary döretmegi we olarda hem balyklary köpeltmegi göz öňünde tutýar. Şeýle-de, ol balyklary daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär.
Bu barada “Jeyhunnews” saýty habar berýär.