Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy Ýe­riň or­bi­ta­syn­da kos­mos be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­ýar. Ýurt kos­mos pu­da­gy­na de­giş­li dür­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. La­bo­ra­to­ri­ýa mo­du­ly bi­len kos­mo­sa äki­di­len şa­ly­nyň to­hu­my bir aý­dan soň­ra gö­ger­di. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy ha­bar ber­ýär.
Hy­ta­ýyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň kos­mos­da ösüm­lik ýe­tiş­dir­mek mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Çžen Hueýs­ýun hä­zir­ki wagt­da şa­ly­nyň şi­ne­län­di­gi­ni we bo­ýu­nyň 4-5 san­ti­metr bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Hy­taý­ly kos­mo­nawt­lar bu nus­ga­la­ry ýyg­nap alyp, ola­ry doň­du­ryp, Ýe­re do­la­nyp ge­len­le­rin­de ýa­ny bi­len ge­ti­rer­ler.
Mun­dan ozal Hy­taý Aýyň ga­raň­ky ta­ra­py­na ýö­ri­te kap­su­la­nyň için­de go­wa­ça to­hu­my­ny ibe­rip­di. Ýe­riň hem­ra­syn­da şi­ne­län pag­ta çi­gi­di bel­li bir wagt­dan soň­ra so­wuk ho­wa se­bäp­li gu­rap­dy.