Hy­ta­ýyň “NetD­ra­gon Web­soft” kom­pa­ni­ýa­sy do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy (CEO/Chi­ef executive of­ficer) hök­mün­de ro­bo­ty işe bel­le­di. Ro­bot kom­pa­ni­ýa­ny elekt­ron gi­ňiş­lik­de do­lan­dy­rar. Eme­li aňy bo­lan ro­bot Ms. Tan Ýu (Ha­nym Tan Ýu) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Ro­bot diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan hem bol­sa, onuň hiç hi­li fi­zi­ki be­de­ni ýok. Elekt­ron gi­ňiş­lik­dä­ki eme­li aň­dan yba­rat bo­lan ro­bot mun­dan beý­läk “Fu­ji­an NetD­ra­gon Web­soft” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iň yg­ty­ýar­ly ýol­baş­çy­sy bo­lar. Kom­pa­ni­ýa­ny äh­li amal­la­ryn­dan ro­bot jo­gap­kär bo­lar. Ro­bot gün­de­lik amal­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de, dog­ry ne­ti­je çy­kar­ma­gy we tö­wek­gel­çi­li­giň has tä­sir­li do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny üp­jün et­mek üçin mer­ke­zi we sel­je­riş se­riş­de­si hök­mün­de hyz­mat eder.
Kom­pa­ni­ýa­nyň baş­ly­gy dok­tor Dež­ýan Liu eme­li aňyň eda­ra­la­ry do­lan­dyr­ma­gyň gel­je­gi­di­gi­ne ynan­ýan­dyk­la­ry­ny aýt­dy.