«Travel + Leisure» neşiri okyjylarynyň arasynda iň halaýan awiakompaniýalarynyň haýsydygy barada pikir soralyşyk geçirdi. Pikir soralyşygyň netijesinde, dünýäniň iň gowy howa ýoly kompaniýasynyň sanawy mälim edildi. Her ýyl geçirilýän pikir soralyşykda okyjylardan uçaryň içiniň rahatlygynyň, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň we hödürlenýän tagamlaryň, müşderi hyzmatlarynyň hili barada baha berilmegi soralypdyr. Sanawa 2014-nji ýylda esaslandyrylan «La Compagnie» kompaniýasy hem girizilipdir. Sanawda 27 ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýän «Singapore Airlines» öz ornuny saklap galdy. Ikinji ýeri «Qatar Airways», üçünji orny «Emirates» kompaniýasy eýeledi. Bu üç kompaniýa ýörite baýrak bilen sylaglandy. «Turkish Airlines» hem-de «Korean Air» ilkinji bäşlikde özüne orun tapdy. Fransiýanyň «La Compagnie» kompaniýasy 6-njy, Täze Zelandiýanyň «Air New Zealand» kompaniýasy 7-nji boldy. Ýaponiýanyň «Japan Airlines» hem-de ANA (All Nippon Airways) kompaniýalary degişlilikde 8-nji we 9-njy ýeri eýeledi. Merkezi edarasy Gonkongda ýerleşýän «Cathay Pacific Airways» onlugy jemledi.