Elekt­rou­lag­lar 10 mi­nut­da zar­ýad alar

157

Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi, ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ho­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­nyň öňü­ni al­mak ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýan­gy­jyň has aras­sa gör­nüş­le­ri bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­lar iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Ola­ryň ara­syn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar ag­dyk­lyk ed­ýär. Elekt­rou­lag­lar ada­ty ýan­gyç­ly ulag­lar­dan az­da-kän­de gym­mat bo­lan­soň, bu ulag­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy üçin hö­kü­met­ler ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­ji­le­re we aly­jy­la­ra dür­li ýe­ňil­lik­ler dö­re­dil­ýär. Bu ulag­la­ryň ýaý­baň­lan­ma­gy­na oňaý­syz tä­sir ed­ýän päs­gel­çi­lik­le­riň bi­ri hem zar­ýad ber­mek üçin köp wag­tyň ge­rek bol­ýan­dy­gy­dyr. Bi­ler­men­ler has gys­ga wagt­da zar­ýad al­ýan ul­ga­my dö­ret­me­giň üstünde işle­ýär­ler. ABŞ-nyň Ener­gi­ýa mi­nistr­li­gi­niň Aý­da­ho mil­li la­bo­ra­to­ri­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri elekt­rou­lag ba­ta­re­ýa­la­ry­na 10 mi­nut­da 90 gö­te­ri­me çen­li zar­ýad ber­me­giň usu­ly­ny ta­pan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler. Erik Du­fe­giň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry ba­ta­re­ýa­lar çalt zar­ýad al­ýan wag­ty gyz­ma­gy­nyň we ýan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyp­dyr­. Du­fek has go­wy ne­ti­je al­mak üçin iş­le­me­gi do­wam et­dir­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Bu usul kä­mil­leş­di­ri­len­den soň­ra li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­la­ra ze­per ýe­tir­mez­den gys­ga wagt­da zar­ýad be­rip bo­lar.
Hä­zir­ki wagt­da sa­tyl­ýan elekt­rou­lag­lar bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len or­ta­ça 400 ki­lo­metr tö­we­re­gi ýol ge­çip bil­ýär. Kä­bir öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­lar bol­sa 700-800 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­ýän elekt­rou­lag­la­ry ön­dür­ýär­ler. Bu ulag­lar şä­he­ra­ra gat­na­wa hem müm­kin­çi­lik ber­ýär.